Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

  • 19.05.2026 12:17
  • 4k+

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy.

Ýerleşdirilen bukjananyň bahasy 3,2 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar. Bu satuw Bill Geýtsiň 1975-nji ýylda esaslandyran kompaniýasyndaky paýynyň köp ýyllyk kemeldilmeginiň jemleýji tapgyry boldy.

Gaznadan aksiýalaryň satuwynyň maýa goýum bukjasyny meýilnamalaýyn dolandyrmagyň çäginde amala aşyrylandygyny mälim etdiler. Alnan serişdeleri guramanyň ynsanperwer taslamalaryna gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Bu karar Bill Geýtsiň öz baýlygynyň esasy bölegini kem-kemden haýyr-sahawat işlerine bermek we wagtyň geçmegi bilen gaznanyň işini bes etmek baradaky öňden mälim edilen meýilnamalary bilen baglanyşyklydyr.

«Men baýlygymyň tas ählisini gazna bermegi meýilleşdirýärin. Men sanawda aşak düşerin we netijede dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyndan çykaryn» diýip, Geýts aýdypdy.

Microsoft üçin bu satuw hiç hili operasion netijeleri bermeýär. Bill Geýts eýýäm 2020-nji ýylda kompaniýanyň direktorlar geňeşinden çykyp, işjeň dolandyryşdan daşlaşypdy.

Bilermenler bu wakanyň simwoliki ähmiýetini belleýärler: Microsoft esaslandyrylandan bäri ilkinji gezek onuň döredijisiniň ady bilen baglanyşykly iň iri haýyr-sahawat gaznasy korporasiýanyň aksiýalaryna eýelik etmeýär.

Microsoft-yň maýasyndan çykandan soň, gaznanyň öz aktiwlerini tehnologik, ekologik we ynsanperwer taslamalaryň arasynda has çeýe paýlap bilmegine garaşylýar.


düýn 10:00
3.3k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

22.05.2026 00:05
4.9k+

Iş hepdesiniň gysgaldylmagy Islandiýanyň ykdysady ösüşini güýçlendirdi

Islandiýa milli derejede çeýe iş tejribeleriniň gerimi boýunça dünýä liderine öwrüldi. Ýurduň tejribesi adaty zähmet bazarynyň “iş wagtynyň azaldylmagy gürrüňsiz ykdysady görkezijilere zyýan ýetirýär” diýen......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....