Bir gijelik uky esasynda 130 keseli anyklamak mümkin

  • 17.01.2026 14:58
  • 7.5k+

Täze barlaglar uky derňewiniň horlama ýa-da demikme ýüze çykmasyndan has köp maglumat berip biljekdigini görkezdi. Nature Medicine žurnalynda çap edilen giň möçberli gözleg, uky laboratoriýasynda uklanyp geçirilen bir gijäniň köp sanly agyr keselleriň döremek howpuny olaryň ýüze çykmagyndan birnäçe ýyl öň kesgitläp biljekdigini subut etdi.

Alymlar 65 000 adamyň 500 000 sagatlyk uky ýazgylary boýunça tälim alan SleepFM atly emeli aň modelini döretdiler. Hasabata görä, bu model ähli sebäplerden ölüm, demensiýa, ýürek agyry, ýürek ýetmezçiligi, insult, hroniki böwrek keseli we mersatel aritmiýa ýaly 130 görnüşli sökellikleri takyk kesgitleýär. Beýle diýmek, laboratoriýada alnan bir gijelik ukynyň lukmanlara mümkin bolan töwekgelçilikleri irki anyklamak we öňüni alyş çärelerini meýilleşdirmek üçin gymmatly maglumatlary berip biljekdigini aňladýar. Barlagçylar şeýle tehnologiýalaryň lukmançylygyň keselleri bejermekden olaryň öňüni almak ýagdaýyna geçmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......