Singapur emeli aňy ösdürmek üçin 786 million dollardan gowrak serişde sarp eder

  • 29.01.2026 19:40
  • 4.5k+

Singapur emeli aň ulgamynda gözlegleri we işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmegiň Milli meýilnamasyna (NAIRD) 1 mlrd Singapur dollaryndan ($786 mln) gowrak serişde gönükdirer. Bu barada Singapuryň Sanly ösüş we maglumat ministrligi (MDDI) habar berýär diýip, Channel News Asia belleýär.
Maliýe serişdeleri 2025-nji we 2030-njy ýyllar aralygynda bölünip berler we olar döwletiň emeli aň ulgamynda mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdiriler.
Bu başlangyç MDDI-niň ýolbaşçysy Jozefin Teo tarapyndan yglan edildi we täzelenen National AI Strategy 2.0 milli strategiýasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Emeli aň ulgamynda ilkinji strategiýa 2019-njy ýylda kabul edilip, bilim, saglygy goraýyş, logistika we howpsuzlyk pudaklaryndaky taslamalar üçin esas boldy. NAIS 2.0 wersiýasy EA pudagynda hünärmenleriň sanyny 15 müň adama ýetirmek we işläp düzüjiler üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen 2023-nji ýylda hödürlendi.
Bu maýa goýumlar Singapuryň Milli gözleg gaznasynyň 2025-nji ýylyň dekabrynda yglan edilen 37 mlrd Singapur dollary möçberindäki has uly maksatnamasynyň bir bölegidir. Mundan bir ýyl ozal tehnologik ösüş üçin ýene 28 mlrd Singapur dollary bölünip berlipdi.
NAIRD meýilnamasy emeli aň ulgamynda düýpli we amaly gözlegleri ösdürmegi, şeýle-de hünärmenleri çekmegi we taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Ýurtda ýerli we daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda gözleg merkezleri dörediler. Olaryň işi uzak möhletleýin wezipelere, emeli aňyň howpsuzlyk meselelerine, hyýanatçylykly ulanylyşlaryň öňüni almaga we uniwersal EA-ulgamlaryny döretmäge gönükdiriler. Şeýle-de, meýilnama ylmy işläp taýýarlamalardan ykdysadyýetde iş ýüzünde ulanmaga geçişi çaltlaşdyrmagy maksat edinýär.


şu gün 10:51
307

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......