Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy

  • 29.01.2026 10:25
  • 4.5k+

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar.

Şol bir wagtyň özünde, emeli aňyň ulanylyş derejesi sebitler boýunça düýpli tapawutlanýar. Global Demirgazyk ýurtlarynda ilatyň ortaça 24,7%-i, Global Günorta ýurtlarynda bolsa 14,1%-i emeli aňdan peýdalanýar. Bu görkezijilerde goňşy döwletlerden ep-esli öňe geçen Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) we Singapur aýratyn tapawutlanýar.
Bilermenler "Microsoft" kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan "Global AI Adoption in 2025" hasabatyna esaslanyp, infografika düzdüler. Barlagyň çäginde 147 ýurtda emeli aňyň ulanylyşyna baha berildi.

  • 1-nji ýer: BAE (64,0%). Generatiw emeli aň gurallaryny ilatyň ýarysyndan gowragy ulanýar. Bu ýokary görkeziji tehnologiýalaryň döwlet hyzmatlaryna ir ornaşdyrylmagy we 2017-nji ýylda kabul edilip, ykdysadyýetiň dokuz pudagyny öz içine alýan EA-ny ösdürmegiň milli strategiýasy bilen baglanyşyklydyr.
  • 2-nji ýer: Singapur (60,9%). Bu ýurt emeli aň ulgamyndaky infrastruktura, ylmy barlaglara we işläp düzmelere öňünden maýa goýupdy.
  • Ýewropa: Bu sebitde 46,4% görkeziji bilen Norwegiýa öňde barýar (dünýäde 3-nji orun). Ondan soňra Irlandiýa (44,6%) we Fransiýa (44,0%) gelýär.
  • ABŞ: Ilatyň 28,3%-i emeli aňy ulanýar, bu bolsa reýtingde 24-nji orna gabat gelýär. Şol bir wagtyň özünde, bu tehnologiýa bolan ynam derejesi deňeşdirilende pesligine galýar.

Iň pes görkeziji Kambojada hasaba alyndy — 5,1%. Bu ýerde maýa goýumlaryň çäkliligi we infrastrukturanyň gowşaklygy emeli aňyň ösüşini bökdeýär.


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

26.02.2026 09:36
2.2k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

17.02.2026 19:35
2.9k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...