BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

  • 29.04.2026 16:01
  • 2.1k+

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär.

Ýurduň WAM döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, bu çözgüt ýurduň uzak möhletleýin ykdysady we strategik garaýyşlaryny beýan edýär. Energetika ministri Suheýl Mohamed al-Mazrui Abu-Dabiniň bu çözgüdi hyzmatdaşlary bilen ylalaşmazdan, özbaşdak kabul edendigini mälim etdi.

«Bu syýasy çözgüt bolup, ol nebit çykarmagyň derejesi bilen baglanyşykly häzirki we geljekki syýasatyň düýpli seljermesinden soň kabul edildi» – diýip, ministr belledi.

Reuters agentliginiň pikirine görä, BAE-niň guramadan çykmagy OPEK-iň we onuň resmi däl lideri bolan Saud Arabystanynyň ornuny gowşadyp biler. Gurama nebit kwotalary we geosyýasat baradaky düşünişmezliklere garamazdan, adatça, agzybirligi saklamaga çalyşýardy.

BAE subut edilen nebit gorlary boýunça dünýäde ýedinji orny eýeleýär.

OPEK nebit çykarýan ýurtlar tarapyndan nebit çykarylyşynyň paýlaryna gözegçilik etmek üçin döredilen halkara hökümetara guramasydyr. Gurama agza ýurtlara global nebit çykarylyşynyň, takmynan, 35%-i we dünýä eksportynyň ýarysy degişlidir. OPEK+ ýurtlary bolsa umumylykda global nebit çykarylyşynyň, takmynan, ýarysyna gözegçilik edýär.


şu gün 15:08
1.5k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

şu gün 12:22
1.8k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

şu gün 12:11
8.1k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

düýn 18:11
5.1k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......