Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

  • 17.05.2026 15:44
  • 9.4k+

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi.

Bloomberg agentliginiň Hytaýyň degişli edarasynyň resmi beýanatyna salgylanyp ýazmagyna görä, bu ädimler taraplar tarapyndan özara söwda dolanyşygyny, şol sanda ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyndaky söwdany giňeltmek maksady bilen ädilýär.

Pekin bilen Waşington bu mesele boýunça entek käbir ownuk-uşak soraglary ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirýärler. Şol sebäpli ministrligiň çap eden resminamasynda gümrük nyrhlary azaldyljak harytlaryň anyk sanawy getirilmeýär.

Şonuň bilen bir wagtda, Hytaýyň Söwda ministrligi ABŞ tarapyndan öňe sürülýän teklipleri hem-de amerikan oba hojalyk önümleriniň Hytaýyň çägine import edilmegi bilen baglanyşykly talaplary gözden geçirmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdi. Şeýle-de Hytaý tarapynyň beýanatynda ABŞ-nda öndürilen uçarlaryň uly tapgyryny satyn almak baradaky meýil hem resmi taýdan tassyklanylýar, emma howa gämileriniň anyk sany we görnüşleri barada maglumat berilmeýär.

Ozal ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Pekine bolan saparynyň dowamynda birnäçe möhüm söwda şertnamalaryny, şol sanda 200 sany «Boeing» uçaryny getirmek baradaky ylalaşygy baglaşmagy başarandyklaryny köpçülikleýin mälim edipdi.


şu gün 15:48
1.2k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 11:05
4.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......