Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

  • 20.05.2026 07:31
  • 1.6k+

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Hytaýyň söwda ministrligi tarapyndan tanyşdyrylan täze taslamada daşary ýurtlularyň iň köp barýan söwda merkezlerinde, taryhy ýerlerinde, bazarlarynda we serhet geçelgelerinde «Tax Free» (salgydy yzyna gaýtaryp berýän) dükanlaryň sany köpeldiler. Netijede indi kagyz resminamalar we uzyn nobatlar bolmaz. Ähli çekler we resminamalar internet arkaly barlanar. Haryt satyn alnan badyna, salgyt puluny şol pursatda yzyna alyp bolýan hyzmatlar ösdüriler.

Şeýle-de 1-nji iýuldan başlap, bahasy 10 müň ýuandan (takmynan 1460 dollardan) az bolan söwdalaryň salgyt hatlary örän ýeňil – saýlama usulda barlanar. Ondan gymmat harytlar bolsa, ozalkysy ýaly, doly gözegçilikden geçer. Şonuň bilen bir wagtda, dükanlarda salgyt puluny şol pursatda yzyna alan syýahatçylaryň ýurtda galyp bilmek möhleti-de 28 güne çenli uzaldylar.

Mundan başga-da, Hytaýda geçirilýän iň uly halkara sergilerde we ýarmarkalarda hem syýahatçylar üçin aýratyn «Tax Free» hyzmat zolaklary dörediler.

Şunlukda Hytaýa söwda maksady bilen gidýän daşary ýurtly syýahatçylar indi harytlaryň salgyt puluny hiç hili kagyzsyz we nobatsyz, örän tiz we ýeňil görnüşde yzyna alyp bilerler.


düýn 18:11
4.2k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.3k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......