ChatGPT göreldeli «okuwçydygyny» görkezdi. EA synagda 9 ders boýunça ýokary baha aldy

  • 21.01.2026 10:20
  • 1.6k+

OpenAI amerikan kompaniýasy tarapyndan döredilen ChatGPT çat-boty ýapon uniwersitetlerine giriş synagynda dokuz ders boýunça iň ýokary netijeleri görkezdi. Bu barada emeli aň ulgamlarynyň deňeşdiriji synagyny geçiren LifePrompt kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar.

Barlaga üç EA modeli – ChatGPT, Gemini we Claude Opus gatnaşdy. Synag 15 dersi öz içine aldy.
Barlaglaryň netijesinde ChatGPT dokuz ders boýunça ýokary ballary gazandy, onuň jogaplarynyň ortaça takyklygy bolsa 97% boldy. Iň gowy netijeler matematika, informatika, himiýa, fizika, biologiýanyň esaslary, şeýle-de «syýasat» we «ykdysadyýet» ugurlary boýunça hasaba alyndy.
Anthropic kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Claude Opus modeli üç ders boýunça iň ýokary netijeleri görkezdi. Google-yň Gemini EA modeli bolsa diňe iki dersde ýokary baha alyp bildi.
ChatGPT-niň iň pes görkezijisi ýapon dili boýunça boldy – 90% dogry jogap. Bilermenler muny edebi tekstleri seljermekdäki, esasanam, gahrymanlaryň emosional ýagdaýlaryny we olaryň hereketlerini düşündirmekdäki kynçylyklar bilen baglanyşdyrýar.
LifePrompt kompaniýasy synag ýumuşlary bilen bagly şular ýaly tejribeleri eýýäm dördünji ýyl geçirýär. 2024-nji ýylda ChatGPT ortaça soraglaryň 66%-ine dogry jogap berdi. Bir ýyldan soň bu görkeziji 91%-e çenli ýokarlandy, bu bolsa modeliň iş hiliniň ep-esli kämilleşendigini görkezýär. 


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

17.03.2026 10:29
935

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...