Matematikler emeli aňyň adam paýhasyndan öňe geçmejegini subut etdiler

  • 31.01.2026 09:49
  • 2.4k+

Emeli aňyň başarnyklary hernäçe öwülse-de, bu gün matematiki subutnamalar uly dil modelleriniň (LLM) belli bir çylşyrymlylyk derejesinden ýokary wezipeleri ýerine ýetirmäge ukypsyzdygyny tassyklaýar. Matematik-alymlar Wişal we Warin Sikka tarapyndan geçirilen barlag  hem emeli aň agentleriniň awtonom ýagdaýda adamdan öňe geçmäge päsgel berýän nazary böwet bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny giňişleýin subut edýär.
Ylmy işiň awtorlary belli bir görkezmeleri ýerine ýetirmek üçin emeli aňyň işläp biljek güýjünden has çylşyrymly hasaplamalaryň talap edilýändigini düşündirýärler. Şeýle ýagdaýlarda algoritmlar ýa amaly tamamlap bilmeýärler, ýa-da ýalňyşlyklara ýol berýärler. Bu netijeler EA pudagynyň umumy emeli aňy (AGI) döretmek üçin maglumatlaryň göwrümini çäksiz derejede  artdyrmaga esaslanýan strategiýasyna şübhe döredýär.
Barlaga görä, matematik hasaplamalar tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň çägini belgileýär we bu çäk degişli kompaniýalaryň çaklamalaryndan ep-esli pesdir. Mundan ozal Apple kompaniýasynyň barlagçylary hem LLM-leriň hakyky pikirlenme ukybynyň ýokdugyny belläp, olary diňe sözleri öňünden çaklaýan algoritmler diýip atlandyrypdylar. Cognitive Resonance kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bendjamin Raýli hem LLM-leriň kesgitlenen iş ýörelgeleri sebäpli hiç wagt biziň «paýhas» diýip hasaplaýan derejämize ýetip bilmejekdigini aýdypdy.
Sikkanyň ylmy işi hasaplama güýjüniň nazary çäklerini diňe bar bolan ulgamlaryň möçberini artdyrmak arkaly ýeňip geçip bolmajakdygyny tassyklaýar.


31.05.2026 22:44
4.4k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

10.05.2026 11:51
8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......