OpenAI Cerebras-dan 10 milliard dollarlyk hasaplaýyş güýjüni satyn alar

  • 17.01.2026 22:44
  • 1.1k+

OpenAI startap Cerebras Systems-den hasaplaýyş güýjüni satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, ChatGPT-ni işläp düzüjä üç ýylyň dowamynda 750 megawatta çenli serişdeler elýeterli bolar.

The Wall Street Journal-yň ýazmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär.  
Cerebras-yň çözgütlerini häzirki ekosistema goşmak, AI modelleriň seslenmesini tizleşdirmek üçin örän möhümdir. Çünki bu startap Nvidia Corp-uň önümlerinden has netijeli AI üçin niýetlenen çipleri işläp düzýär.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi guramalaryň ýolbaşçylarynyň arasyndaky baglanyşygy görkezýär: OpenAI-nyň baş direktory Sem Altman Cerebras Systems-iň şahsy maýadary hökmünde çykyş edýär.
Taraplar bu strategik hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini 2017-nji ýylda ara alyp maslahatlaşypdylar.


26.02.2026 09:36
2.1k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

17.02.2026 19:35
2.8k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...

07.02.2026 12:51
1.3k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar...

29.01.2026 10:25
4.5k+

Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar...