«Barselona» emeli aňyň kömegi bilen parfýum döredýän startap bilen şertnama baglaşdy

  • 22.01.2026 23:25
  • 4k+

«Barselona» emeli aňyň kömegi bilen parfýum döredýän Scircle startapynda paý satyn aldy.

Şertnama klubuň janköýerler bilen gatnaşygyň täze görnüşlerini ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidir. Klub atyra «emosional aragatnaşygyň goşmaça ýoly» hökmünde garaýandygyny belledi.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Barselonanyň» obraz döredýän bölümi we Scircle topary bilelikde klubuň taryhyny, möhüm pursatlary we duýgulary birleşdirýän önümleri taýýarlar.
Bütin dünýädäki janköýerlere öz ýatlamalary bilen baglanyşykly şahsy hoşboý yslary döretmäge mümkinçilik berýän Scircle platformasy elýeterli bolar. «Barselona» muny fiziki we sanly gurşawda özüňi janköýer hökmünde görkezmegiň täze dili we klubuň obrazynyň dowamy diýip atlandyrýar.
Scircle 2025-nji ýylda döredildi we ABŞ-da, Meksikada we Ispaniýada işleýär. Kompaniýanyň önümleri premium-auditoriýa gönükdirilýär we EA-nyň hem professional parfýumerleriň kömegi bilen birnäçe minutda indiwidual yslary döretmäge mümkinçilik berýär.
Şertnama klubuň Barça Innovation Hub (BIHUB) innowasion bölümi arkaly resmileşdirildi. Ol startaplara maýa goýup, sport, saglygy goraýyş we tehnologiýa ugurlary bilen gyzyklanýar.
«Barselonanyň» 2024/25 möwsümi üçin maliýe hasabaty 994 mln ýewro möçberde rekord girdejini, şol sanda 259 mln ýewro täjirçilik girdejisini görkezdi. Ýakynda klub Spotify (ýylda 95 mln ýewro) we Nike (120 mln ýewro) bilen esasy şertnamalaryň möhletini uzaltdy, şeýle-de Kongo DR-iň hökümeti (11 mln ýewro) we Midea kompaniýasy (12 mln ýewro) bilen şertnama baglaşdy. 


şu gün 18:06
291

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

düýn 08:05
2.8k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....

20.05.2026 15:31
980

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....