Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

  • 30.05.2026 08:05
  • 3.5k+

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi.

Markanyň döredijilik direktory Deniel Li surata düşürmek üçin aktýorlary, türgenleri we modelleri ýygnady. Tribunalarda Jeýson Sudeýkis (Ted Lasso serialynda Lassonyň roluny ýerine ýetiriji), Romeo Bekhem (Dewid Bekhemiň ogly) we tailandly ýyldyz Waçirawit Çiwaari bar. Aktrisa Lýusi Panç oýundan öň iýmit awtomobiliniň ýanynda başagaýlap durýar, britaniýaly aktýor Stiwen Grem bolsa çagalaryň ýekşenbe günki futbol toparynyň tälimçisiniň keşbini janlandyrýar.

Mundan başga-da, kampaniýada futbolçylar Deklan Raýs, Son Hyn Min, Ebereçi Eze we Liýa Uilýamson, şeýle hem modeller Rouzi Hantington-Uýtli we Nilam Gill surata düşdüler.

Kolleksiýa polo köýnekçelerini we «Burberry Check» nyşanly şarflary, trençleri, parkalary we «Harrington» kurtkalaryny birleşdirýär. Täze aksessuarlaryň arasynda brend egreldilen sudurly «Primrose» sumkasyny we «Knight Runner» krossowkalaryny aýratyn belledi.


17.06.2026 11:29
4.4k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
888

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.2k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......