Meýilnamalar üýtgedi: Apple Siri-ni ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bot etmek isleýär

  • 24.01.2026 09:49
  • 958

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär.

Campos kod atly täze taslama ses we tekst arkaly söhbetdeşligi goldar.
Ozal Apple-iň programma üpjünçiligi boýunça uly wise-prezidenti Kreýg Federigi Siri-ni çat-bota öwürmek islemeýändigini we emeli aňy «gerek wagty el ýüzünde bolar ýaly» iOS-a goşmagy makul bilýändigini aýdypdy. Ýöne, Gurmanyň maglumatlaryna görä, oýnuň meýilnamasy EA bazaryndaky bäsdeşlik sebäpli üýtgedildi.
Üýtgeşmeler üçin goşmaça itergi OpenAI kompaniýasynyň Apple-iň öňki dizaýneri Joni Aýwyň ýolbaşçylygynda hususy enjamyny çykarmak meýilnamasy boldy.
TechCrunch-yň belleýşi ýaly, Apple Siri-niň ösen wersiýasyny çykarmagyny ençeme gezek yza süýşürenden soň, EA pudagynda yza galaklygyny azaltmaga çalyşýar. Tehnologiýa hyzmatdaşyny gözlemek prosesinde korporasiýa OpenAI-iň we Anthropic-iň çözgütlerini synagdan geçirip gördi, ýöne şu ýylyň ýanwarynda Google-yň Gemini modelini saýlandygyny mälim etdi. 


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......