Meta ýetginjekler üçin emeli aň gahrymanlaryna girişi wagtlaýynça ýapýar

  • 25.01.2026 23:46
  • 625

«Meta» kompaniýasy özüniň sosial ulgamlarynda ýetginjekleriň AI-gahrymanlar (emeli aň arkaly döredilen keşpler) bilen gatnaşyk saklamagyny bütin dünýä derejesinde wagtlaýynça togtadýandygyny yglan etdi. Bu çäklendirme funksiýanyň täze we has howpsuz wersiýasy çykýança dowam eder.

«Instagram» we «Facebook» platformalarynyň eýesi tarapyndan berlen maglumata görä, täze düzgün hasabynda ýetginjeklik ýaşyny görkezen ulanyjylara; Meta-nyň tehnologiýalary tarapyndan kämillik ýaşyna ýetmedik diýlip hasaplanýan ähli profil eýelerine degişlidir.
Kompaniýa 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda ene-atalaryň öz çagalarynyň haýsy AI-gahrymanlar bilen gepleşip biljekdigini gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýän täze gurallaryň üstünde işleýändigini mälim edipdi.

«Biz bu täzelenen wersiýany döretmäge ünsümizi jemleýäris. Şol sebäpli ýetginjekleriň häzirki bar bolan emeli aň gahrymanlaryna elýeterliligi bütin dünýäde wagtlaýynça ýapylýar» — diýip, Meta nygtady.

Bu wagtlaýyn çäreler kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň emeli aň bilen bolan aragatnaşygyny has durnukly we howpsuz tertibe salmak maksady bilen amala aşyrylýar.


03.06.2026 15:15
3.5k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......