7.3k+

Müsürde açyk asman astynda 10 müň ýyl bäri işläp duran muzeý tapyldy

Arheologlar Sinaý ýarymadasynyň günortasynda ýüzüne gadymyýetde ýüzüne suratlar çekilen we oýulyp şekiller galdyrylan gaýany tapdylar. Alymlaryň çaklamasyna görä, olaryň iň gadymylary takmynan 10 müň ýyl ozal döredilipdir diýip, Yeni Safak neşiri habar berýär...

6.5k+

Ilkinji subutnama! Ispaniýada Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňki tapyldy

Ispaniýanyň günortasynda arheologlar Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňküni tapdylar. Bu tapyndy Ikinji Puni urşunda şol haýwanlaryň ulanylandygynyň ilkinji gönümel hem maddy subutnamasy boldy. Süňk, aslynda 2020-nji ýylda gadymky Kordobadaky Kolina-de-los-Kemados şäherçesindäki köne iberiýa obasynyň ýykyk diwarynyň aşagyndan tapylypdy...

7.6k+

Yrakda Aleksandr Makedonskiniň ýiten şäheriniň anyk ýeri kesgitlendi

Yragyň günortasynda ylmy gözlegçiler Aleksandr Makedonskiý tarapyndan esaslandyrylan port şäheri — Tigrdäki Aleksandriýanyň ýerleşýän ýerini anyklamagy başardy. Ol asyrlaryň dowamynda ýazuw çeşmelerinden mälim bolsa-da, birmeňzeş atly birnäçe şäheriň bolmagy sebäpli, onuň anyk ýerleşýän nokady jedelli mesele bolup galypdy...

5.3k+

136 ýyl ozal heläkçilige uçran gämiň galyndylary tapyldy

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky tebigy künjekli seýilgähiň plýažynda güýçli kenar eroziýasyndan soň, gark bolaly bäri üstünden 136 ýyl geçen «Lowrens N. Makkenzi» ýelkenli gämisi tapyldy. Bu barada Smithsonian Magazine neşirinde beýan edilýär...

2.7k+

Gazagystanda Parfiýa we Wizantiýa degişli gadymy artefaktlar tapyldy

Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda arheologlar Parfiýa we Wizantiýa döwürlerine degişli bolan içi kümüş we mis teňňelerden doly küýzäniň üstünden bardylar. Gadymy Garakabak şäherçesiniň harabalaryndan tapylan bu gymmatlyklar Mangystau (öňki Maňňyşlak) sebtiniň häki bir çetki künjek däl-de, eýsem möhüm söwda merkezi bolandygynyň esasy subutnamasy diýlip atlandyrylýar...

9.3k+

Ispaniýada taryhda iň kiçijik dinozawrlaryň biri tapyldy

Ispaniýanyň demirgazygynda paleontologlar dinozawryň täze görnüşini — irki hek döwrüniň iň kiçi ornitopodlarynyň biri bolan Foskeia pelendonum diýlip atlandyrylan görnüşi ýüze çykardy. Bu jandaryň boýy ýarym metrden geçmeýär, emma onuň kelleçanagynyň gurluşy örän çylşyrymly we ewolýusion taýdan ösen bolup çykdy...

3k+

Paleontologlar Portugaliýada dili uzyn gadymy amfibiýany tapdylar

Portugaliýanyň Lorinýan formasiýasynda mundan takmynan 150 million ýyl ozal ýaşan we ozal nämälim bolan Nabia civiscientrix atly örän gadymy amfibiýanyň galyndylary tapyldy. Bu tapyndy dinozawrlaryň döwründen tä iň soňky buzluk eýýamyna çenli ýaşan, az öwrenilen we nesli kesilen Albanerpetontidae toparyna degişlidir...

7.9k+

Kiçijek, özem süsek: Meksikada dawany kelle bilen çözen dinozawrjyk tapyldy

Halkara paleontologlar topary häzirki zaman iri göwrümli guşuň ölçeginden uly bolmadyk dinozawryň täze görnüşiniň üstünden bardylar. Dinozawryň kellesindäki süňk ösüntgisi, onuň dürli häsiýetli çaknyşyklary süsüşmek arkaly çözen bolmagy ahmal diýen çaklamany döredýär...

3.5k+

Paleontologlar 512 million ýyllyk deňiz ekoulgamyny tapdy

Hytaýyň Hunan welaýatynda 512 million ýyl taryhy bolan, şonda-da gowy saklanyp galan deňiz ekoulgamynyň galyndylary tapyldy diýip, New Scientist neşiri habar berýär. Bu tapyndy Ýer ýüzüniň taryhyndaky ilkinji köpçülikleýin gyrylmadan soň haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýär...

2.1k+

Hytaýda Aziýadaky iň gadymy çylşyrymly gurallar tapyldy

Arheologlar Gündogar Aziýada iň gadymy çylşyrymly daş gurallaryny ýüze çykardylar. Bu täze tapyndy sebitiň tehnologik taýdan yza galandygy baradaky öňki garaýyşlary şübhe astyna alýar. Bu barada "Nature Communications" žurnalyndaky ylmy işde aýdylýar...

6k+

Ýewropada ýaşan adamlar 25 müň ýyl ozal hem ýüzlerçe km aralykda gatnaşyk saklapdyrlar

Arheologlar Merkezi Ispaniýada, gelip çykyşy häzirki Fransiýanyň çäklerine degişli bolan we tapylan ýerinden 700 kilometrden gowrak uzaklykdan getirilen daş gurallaryny tapdylar. Science Advances žurnalynda çap edilen ylmy işde bellenilişi ýaly, bu aralyk Ýewropanyň paleolit döwri üçin daş gurallarynyň daşalan iň uzak aralygy hökmünde tassyklanylýar...

3.4k+

Uelsdäki seýilgähiň aşagyndan gadymy Rim willasy tapyldy

Arheologlar Uelsiň Margam şäherindäki boşan seýilgähiň aşagyndan eldegrilmedik gadymy Rim willasyny tapdylar. Popular Mechanics-iň habaryna görä, gözlegçiler üçin uzak wagtlap näbelli bolan bu  açyş rim-britan döwrüne degişlidir...

4k+

Haçan? Nädip?: arheologlar Amerika ýaýran ilkinji adamlaryň geliş ugruny öwrendiler

Science Advances žurnalynda çap edilen täze gözleg Amerika ilkinji göçüşligiň alternatiw düşündirişini hödürleýär. Ondan çen tutsaň, ilkinji amerikaly bolmak islän adamlaryň buzly Beringiýadan geçmegiň ýerine, deňiz baýlyklaryny özleşdirip, Demirgazyk-Gündogar Aziýanyň we Ýuwaş ummanyň kenary arkaly hereket edip bilmekleri-de mümkindi...

6.1k+

Arheologlar Omandan 7000 ýyl mundan ozal akula awlanandygynyň subutnamalaryny tapdylar

Çeh Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Omanda neolit döwründe yzygiderli akula awlanandygyny görkezýän arheologik toplumy açdylar. Wadi Nafun jülgesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, takmynan 7000 ýyl mundan ozal döredilen umumy megalitik mazaryň üstünden baryldy...

3.7k+

Tirannozawrlaryň ösüşi 40 ýyl dowam edipdir

Ýyrtyjylaryň daşlaşan süňklerini öwrenmek boýunça şu wagta çenli geçirilen iň uly seljermeden soň paleontologlar tirannozawrlaryň doglandan soň 40 ýyl töweregi ösmegi dowam etdirendikleri barada netijä geldiler diýip, TASS-yň habarynda aýdylýar...

5.1k+

Izmirde "Süleýmanyň düwni" bilen bezelen gadymy mozaikaly zal tapyldy

Türkiýäniň Izmir şäherinde gadymy Smirnanyň çäginde arheologlar takmynan 1 600 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan we gowy saklanyp galan mozaikaly zaly ýüze çykardylar. "Interesting Engineering" neşiriniň "The Archaeologist" žurnalyna salgylanyp bermegine görä, bu zal "Süleýmanyň düwni" atly geometrik nagyş bilen bezelipdir...

6.7k+

Arheologlar Wezuwiniň külüniň aşagynda gömlüp galan willada täze kaşaň freskalary tapdylar

Arheologlar meşhur Pompeý şäheriniň golaýyndaky gadymy Oplontisde ýerleşýän Poppeýa willasyndan tapylan täze tapyndylar barada habar berdiler. Tapylan freskalar we binagärlik detallary biziň eýýamymyzdan öňki I asyryň Rim elitasynyň öz derejesini we inçe tagamyny görkezmek üçin sungatdan nähili peýdalanandygyna has gowy düşünmäge kömek edýär...

5.8k+

Bretan kenarýakalarynda deňziň aşagyndan 7000 ýyllyk daş diwar tapyldy

Fransiýanyň deňiz arheologlary Bretan kenarýakalarynda dokuz metr çuňlukda biziň eramyzdan öňki 5000-nji ýyllarda gurlan daş diwary tapdylar diýip, BBC habar berýär. Uzynlygy 120 metr, beýikligi bolsa takmynan 2 metr bolan bu desga Sen adasynyň golaýynda ýerleşýär...

5.4k+

Atakama çölünde öň mälim bolmadyk öý haýwanynyň galyndylary tapyldy

Çiliniň günortasyndaky Atakama çölünde alymlar gadymy indeýler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen, öň mälim bolmadyk öý haýwanynyň galyndylaryny tapdylar. Geçirilen barlaglar bu haýwanlaryň lamalaryň we alpakalaryň ýakyn garyndaşydygyny, ýöne häzirki wagtda nesli kesilen düýegiller (camelids) maşgalasynyň aýratyn bir görnüşine degişlidigini görkezdi...