Tirannozawrlaryň ösüşi 40 ýyl dowam edipdir

  • 18.01.2026 15:13
  • 3.7k+

Ýyrtyjylaryň daşlaşan süňklerini öwrenmek boýunça şu wagta çenli geçirilen iň uly seljermeden soň paleontologlar tirannozawrlaryň doglandan soň 40 ýyl töweregi ösmegi dowam etdirendikleri barada netijä geldiler diýip, TASS-yň habarynda aýdylýar.

«Dört onýyllykda dowam eden  ösüş ýaş tirannozawrlara adaty bolmadyk şertli  tebigatyň agramly bölegine uýgunlaşmaga we öz ulalan gurşawlarynda köptaraply orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Bu, tirannozawrlaryň Hek döwrüniň ahyrynda agdyklyk eden ýyrtyjylar hökmünde öz ornuny nädip gazanandygyny görkezýär» diýip, Çepman uniwersitetiniň professory Jek Horner düşündirýär.

Öň alymlaryň arasynda tirannozawrlaryň çalt ösüşi hakda belli bir pikir ýokdy. Käbir alymlar olaryň ösüşiniň esasan ömrüň ilkinji ýyllarynda bolup geçendigine, soňra bolsa onuň ep-esli haýallaýandygyna ynansalar, beýleki birleri ösüşiň artmagynyň onlarça ýylyň dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan bolup geçendigi hakyndaky çaklamany öňe sürýärdiler.
Soňky gözlegde alymlar dürli ýaşdaky 17 tirannozawryň süňklerini barladylar. Barlag süňklerdäki ösüş halkalaryny öwrenmek dört görnüşli tejribe arkaly geçirildi we alnan maglumatlar süňk dokumasyndaky ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeleri hasaba alýan täze statistik usul arkaly işlenildi.
Netijeler tirannozawrlaryň öň çak edilişi ýaly, 25 ýaşynda däl-de, 30 ýaşlarynyň ahyrynda, takmynan sekiz tonna agrama we adaty göwrüme ýetendigini görkezdi. Bu netije alymlaryň kiçi we orta ululykdaky tirannozawrlaryň Mezozoý döwrüniň ahyryndaky tebigy gurluşda tutan orny hakyndaky düşünjesini üýtgedýär.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....