ABŞ-da taryhdan öňki nägehanyň awtobus ululygyndaky ilkinji takyk nusgasy döredildi

  • 29.12.2025 13:53
  • 13k+

ABŞ-da Deinosuchus schwimmeri görnüşiniň skeletiniň ylmy taýdan takyk ilkinji nusgasy döredildi. Bu taryhdan öňki alligator hatda dinozawrlaryň hem ýüregine dowul salmagy başarypdyr we öz döwrüniň iň howply ýyrtyjylarynyň biri hasaplanypdyr.

Täze prototip Jorjiýa ştatynyň Karterswill şäheriniň golaýyndaky Tellus ylym muzeýinde (Tebigatyň taryhy we tebigy ylymlar muzeýi) sergilenip başlandy.
Deinosuchus schwimmeri, takmynan, 83–76 million ýyl mundan ozal häzirki ABŞ-nyň gündogar böleginde ýaşapdyr. Ol häzirki zaman krokodilleriniň ýakyn garyndaşy bolsa-da, ölçegi boýunça olardan has uly bolupdyr. Taýýarlanan nusganyň uzynlygy 9,4 metre ýetýär, bu bolsa adaty awtobusyň uzynlygy bilen deňdir.
Skeletiň döredilmegine Deinosuchus urugyndan bolan äpet demirgazyk amerikan krokodilleri boýunça hünärmen, Ogaýo ştatynyň uniwersitetiniň geologiýa professory, doktor Dewid Şwimmer gatnaşdy. Paleontologlar topary 2020-nji ýylda täze görnüşi anykladylar we alymyň hormatyna ony Deinosuchus schwimmeri diýip atlandyrdylar.
Şwimmer 40 ýyldan gowrak wagt bäri bu haýwanyň galyndylaryny gözläp we öwrenip gelýär. Onuň tapan nusgalary häzirki wagtda ABŞ-nyň öňdebaryjy muzeýlerinde — Waşingtondaky Smitson institutynda, Nýu-Ýorkdaky Amerikan tebigatyň taryhy muzeýinde we Tellus ylym muzeýinde saklanýar.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

04.06.2026 18:07
7.3k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......