Paleontologlar 512 million ýyllyk deňiz ekoulgamyny tapdy

  • 31.01.2026 15:26
  • 3.5k+

Hytaýyň Hunan welaýatynda 512 million ýyl taryhy bolan, şonda-da gowy saklanyp galan deňiz ekoulgamynyň galyndylary tapyldy diýip, New Scientist neşiri habar berýär.
Bu tapyndy Ýer ýüzüniň taryhyndaky ilkinji köpçülikleýin gyrylmadan soň haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýär.
Nankin geologiýa we paleontologiýa institutynyň hünärmeni Han Szeniň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary bu ýeri 2021-nji ýylda Huaýuan uýezdiniň karýerleriniň birinde tapdy. Häzirki wagta çenli hünärmenler 153 görnüşe degişli bolan 8681 sany organizm galyndysyny öwrendi. Ýüze çykarylan organizmleriň, takmynan, 60%-i ozal ylma nämälimdi. Alymlar organizmleriň jemini aýratyn ekoulgama bölüp, ony Huaýuan biotasy diýip atlandyrdy.
Gadymy ekoulgam kontinental şelfiň gyrasyndaky çuň suwly zolakda ýaşan haýwanlaryň 16 sany esasy toparyndan ybarat bolupdyr. Tapyndylaryň agramly bölegini bognaýaklylar, şeýle hem mollýuskalar, brahiopodalar we boşiçegeliler tutýar. Bu gurşawyň iň uly ýyrtyjysy uzynlygy 80 sm bolan Guanshancaris kunmingensis bognaýaklysy bolupdyr. Laý gatlagynyň astynda çalt gömülendigi sebäpli, köp organizmleriň ýumşak dokumalary, şol sanda içki organlary we nerw ulgamy saklanyp galypdyr.
Han Szeniň aýtmagyna görä, Huaýuan biotasynyň ýerleşen çuň suw gurşawy, esasan, ýalpak suwlara täsir eden gyrylmadan az zyýan çekipdir.


04.06.2026 18:07
7.3k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6.1k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......