Gresiýada altyn we gymmatbaha zatlardan doly gadymy ybadathananyň gazuw-agtaryş işleri dowam edýär

  • 19.01.2026 14:19
  • 4.3k+

Gresiýanyň Ewiýa adasynda arheologik gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. 2023-nji ýylda ol ýerden biziň eýýamymyzdan öňki VII asyra degişli ybadathana tapyldy.

Gresiýanyň Medeniýet ministrligi arheologlaryň şondan bäri gymmatly artefaktlary, şol sanda Korinf alebastryny, attis wazalaryny, dessur küýzelerini, merjen we koral bilen bezelen altyn we kümüş şaý-seplerini, gündogar tumarlaryny, bürünç we demir zatlary tapandygyny habar berdi. Başdaky gazylan gatlaklarda öküzleriň we goçuň bürünç şekiljikleri, şeýle hem Mikena döwrüne degişli toýun öküz kelle süňki tapyldy.
Gazuw-agtaryş işlerine Gresiýanyň özünden we Şweýsariýadan gelen 50 hünärmenden ybarat topar ýolbaşçylyk edýär.
2023-nji ýylda doly arassalanan binanyň uzynlygy 30 metrden gowrak. Bu, şol döwrüň ybadathanalary üçin adaty ölçeg. Ybadathananyň daşky diwarlary we günbatar tarapdaky arka abat ýagdaýda. Gözlegçiler binanyň içinden birnäçe ojak tapdylar. Olaryň pikiriçe, ojaklar gurbanlyk ýeri hökmünde ulanylan bolmaly.
Ojaklaryň nal  şekillidigi aýratyn ünsi çekýär. Kül we köýen süňkleriň galyň gatlagy ojagyň ýygy-ýygy ulanylandygyny görkezýär.

«Bu gurluşlaryň käbiriniň ybadathananyň özünden has gadymydygyny inkär edip bolmaz» diýip, bilermenler boýun alýarlar. Çünki nal şekilli gurbanlyk ojagynyň aşaky gatlagyndan biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyryň ahyrlaryna degişli keramika hem tapyldy. Gazuw-agtaryş işleri bu ýeriň taryhynyň azyndan biziň eýýamymyzdan öňki IX asyra degişlidigini görkezdi.
«Iň irki gatlaklaryň öwrenilmegi ýaňy başlansa-da, ilkinji tapyndylar bu medeni binanyň Mikena siwilizasiýasynyň pese gaçmagyndan soňky asyrlara degişlidigini görkezýär» diýip, Gresiýanyň Medeniýet ministrligi mälim edýär.


19.06.2026 19:49
4.5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......