Yrakda gowy ýagdaýda saklanyp galan 3000 ýyllyk küýzegärçilik ussahanasy tapyldy

  • 31.12.2025 08:57
  • 7.7k+

Arheologlar Yrak Kürdüstanynda gadymy küýzegärçilik ussahanasyny ýüze çykardylar. «Journal of Archaeological Science» neşiri onuň takmynan 3000 ýyllyk ýaşyna garamazdan, örän gowy ýagdaýda saklanyp galandygyny habar berýär.

Demir asyryna degişli bu ussahana Dinka gadymy obasynyň çäginde tapyldy. Týubingen uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglaryna görä, tapyndy biziň eýýamymyzdan öňki 1200–800-nji ýyllara degişlidir.
Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar iki sany bişiriş pejini, keramika böleklerini, ýangyç galyndylaryny we gatlakly çökündileri tapdylar. Bu tapyndylar alymlara çig palçygy taýýarlamakdan başlap, taýýar küýzeleriň öndürilişine çenli ähli önümçilik tapgyrlaryny yzarlamaga mümkinçilik berdi. Alymlaryň aýtmagyna görä, şeýle önümçilik toplumlarynyň bu derejede bitin saklanyp galmagyna seýrek duş geliniýär.
Bu açyş gadymy Ýakyn Gündogaryň senetçilik önümçiligi, şäher durmuşy we jemgyýetçilik gurluşy barada täze maglumatlary berdi.
Baş ylmy işgär Silwiýa Amikone ussahananyň saklanyş ýagdaýynyň önümçilik ulgamyny doly täzeden dikeltmäge mümkinçilik berendigini belledi. Seljermeler işiň aýdyň we ulgamly shema boýunça guralandygyny, öndürilen önümleriň bolsa diňe bir ýerli ýaşaýjylar üçin däl-de, tutuş sebit üçin niýetlenendigini görkezdi.
Şeýle-de, küýzegärleriň toýny pes temperaturada bişirmek usulyny ulanandyklary we nesilden-nesle geçip gelýän durnukly düzgünlere eýerendikleri anyklandy.


düýn 11:11
2.3k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....

20.05.2026 17:37
3.2k+

Mohenjo-Daronyň syry: gadymy megapolis sosial deňsizligi nädip ýeňipdir

Adamzat taryhynda ilkinji megapolisleriň döremegi, adatça, birmeňzeş gözgyny ýagdaýlara getiripdir diýlip hasap edilýär: ägirt uly baýlyklaryň hökümdarlaryň elinde jemlenmegi, ruhany elitanyň peýda bolmagy we......

20.05.2026 11:33
3.8k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheriniň täze yzlary tapyldy

Arheologlar Meksikanyň jeňňelliklerinde tapylan ýeriň maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheri bolup biljekdigine degişli täze subutnamalary hödürledi. Bu ýeriň ispan basybalyjygyndan soňra garşylyk görkezilen......