Gýoteniň kolleksiýasyndaky ýantar daşynyň içinde 40 mln ýyl ozal gatap galan garynja tapyldy

  • 28.01.2026 18:38
  • 6.9k+

Fridrih Şiller adyndaky Ýena uniwersitetiniň alymlary ýantar daşynyň içinde 40 million ýyl ozal gatap galan garynjany tapdy. Bu tapyndy meşhur nemes şahyry Iogann Wolfgang fon Gýoteniň kolleksiýasyndaky ýantar daşy öwrenilen wagty ýüze çykaryldy.
Ylmy gözlegleriň netijeleri «Scientific Reports» žurnalynda çap edildi.
Mör-möjek ýitip giden Ctenobethylus goepperti görnüşine degişlidir. Garynja ýantar daşynyň içinde örän gowy saklanypdyr, bu bolsa alymlara onuň gurluşy we ewolýusion baglanyşyklary barada täze maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.
«Onuň ajaýyp ýagdaýda saklanmagy we giň gerimli barlaglaryň netijesinde biz ony öňkülerden has jikme-jik häsiýetlendirmegi we onuň görnüşi hem-de garyndaşlyk gatnaşyklary barada täze maglumatlary almagy başardyk» – diýip, Ýena uniwersitetiniň Filetik muzeýiniň hünärmeni Bernhard Bok gürrüň berdi.
Alymlar nusgalary öwrenmek üçin elektron sinhrotronynda mikrokompýuter tomografiýasyny ulandy. Bu usul garynjanyň, şeýle-de ýantaryň içindäki beýleki mör-möjekleriň üç ölçegli şekillerini almaga mümkinçilik berdi.

Alymlar mör-möjegiň içki gurluşyny, beden gurluşynyň aýratynlyklaryny, murtjagazlaryny, gözlerini we iňňesini jikme-jik öwrendi.
Alnan maglumatlaryň esasynda hünärmenler onlaýn ýagdaýda elýeterli bolan 3D rekonstruksiýasyny döretdi. Bu model alymlara şu görnüşe degişli beýleki daşa öwrülen tapyndylary anyklamaga we seljermäge kömek eder.


düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......