Izmirde "Süleýmanyň düwni" bilen bezelen gadymy mozaikaly zal tapyldy

  • 14.01.2026 12:00
  • 5.1k+

Türkiýäniň Izmir şäherinde gadymy Smirnanyň çäginde arheologlar takmynan 1 600 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan we gowy saklanyp galan mozaikaly zaly ýüze çykardylar. "Interesting Engineering" neşiriniň "The Archaeologist" žurnalyna salgylanyp bermegine görä, bu zal "Süleýmanyň düwni" atly geometrik nagyş bilen bezelipdir.

Tapyndy gadymy şäheriň jemgyýetçilik ýerinde, teatryň we merkezi meýdançanyň golaýynda ýerleşýär.
Ölçegi 3-e 4 metr bolan mozaikaly pol biziň eýýamymyzyň IV–VI asyrlaryna degişlidir. Onuň bezegi giçki Rim döwrüne mahsus bolan gül we geometrik nagyşly 12 burçly panellerden ybarat. Hünärmenleriň pikiriçe, merkezi nyşan bolan "Süleýmanyň düwni" betbagtçylyklardan we ýamanlykdan goraýan tumar (dogajyk) hökmünde hyzmat edipdir.

Arheologlar: "Sungat, ynanç we gündelik durmuş biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçipdir" — diýip belleýärler.

Bina şäheriň esasy köçeleriniň biriniň ugrunda ýerleşen hem bolsa, onuň anyk näme üçin ulanylandygy heniz mälim däl. Barlagçylar binanyň gurlanyndan 1 500 ýyl soň hem gaýtadan ulanylandygyny anykladylar: mozaikalar soňky döwürleriň täzeden gurluşyk işlerinde hem aýawly saklanypdyr.
Şu ýyl meýilleşdirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň maksady bu binanyň hususy jaýmy ýa-da jemgyýetçilik desgasydygyny anyklamakdan ybaratdyr.


01.06.2026 20:16
5.5k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

26.05.2026 12:36
3.1k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....

20.05.2026 17:37
3.2k+

Mohenjo-Daronyň syry: gadymy megapolis sosial deňsizligi nädip ýeňipdir

Adamzat taryhynda ilkinji megapolisleriň döremegi, adatça, birmeňzeş gözgyny ýagdaýlara getiripdir diýlip hasap edilýär: ägirt uly baýlyklaryň hökümdarlaryň elinde jemlenmegi, ruhany elitanyň peýda bolmagy we......