Gresiýada iň gadymy agaç gurallar tapyldy: olaryň 430 müň ýyllyk taryhy bar

  • 02.02.2026 14:55
  • 1.6k+

Gresiýadaky kölleriň biriniň kenarynda dünýäde iň gadymy agaç zähmet gurallary diýlip ykrar edilen iki sany artefakt tapyldy. Tapyndylaryň ýaşy, takmynan, 430 müň ýyla deň diýlip çak edilýär diýip, Associated Press habar berýär.
Uzynlygy 80 sm töweregi bolan birinji tapyndynyň ýer gazmak üçin taýak bolup hyzmat eden bolmagy mümkin. Söwütden ýa-da derekden ýasalan ikinji tapyndy bolsa, daşdan gurallary ýasamakda ulanylan bolup biler.
Agajyň şu güne çenli saklanmagyna ýokary çyglylyk şertlerinde çökündileriň aşagynda çalt basyrylyp galmagy sebäp bolupdyr. Şol ýerde adam galyndylarynyň tapylmandygy sebäpli, bu gurallary döreden gomininleriň anyk haýsy görnüşe degişlidigi anyklanmady.
Smitson milli tebigy taryh muzeýiniň arheology Jarod Hatson tapyndylaryň daşky görnüşine teswir berdi.
«Bu tapyndylara haýran galmak biraz kyn, sebäbi olar agaç guraly hökmünde bada-bat täsir galdyrmaýar. Biz olaryň anyk näme üçin ulanylandygyny bilemzok» – diýip, ol belledi.


19.06.2026 19:49
4.5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......