Italiýada 12 müň ýyl ozal ýaşan gyzjagazda girdenekligiň seýrek görnüşi ýüze çykaryldy

  • 02.02.2026 21:48
  • 6.9k+

Italiýanyň günortasyndaky gowakda takmynan 12 000 ýyl ozal ýaşan ýetginjek gyzyň galyndylary tapyldy. Live Science neşiriniň habar bermegine görä, onda akromezomeliki displaziýanyň Maroto görnüşiniň alamatlary anyklandy.
New England Journal of Medicine žurnalynda çap edilen barlagyň netijeleri NPR2 geninde seýrek duş gelýän genetiki mutasiýanyň bardygyny tassyklady. Bu, alymlar tarapyndan on müň ýyl mundan ozal aradan çykan ynsanda ýüze çykarylan ýeke-täk mutasiýadyr.
Lýež uniwersitet hassahanasynyň barlagçy-endokrinology, ylmy işiň awtorlarynyň biri Adrian Deýli hem hu hakda aýratyn nygtap: «Bu taryhda DNK arkaly tassyklanan iň irki genetiki diagnozdyr» diýip belledi.
Romito 2 ady berlen gyzyň boýy takmynan 110 sm bolupdyr. Görnüşinden, bu kesel onuň el-aýaklarynyň gaty gysgalmagyna we hereketiniň çäklenmegine sebäp bolupdyr.
Gyz boýy 145 sm bolan garyndaşy Romito 1 bilen bilelikde jaýlanypdyr. Genetiki seljerme bu iki gyzyň hem «Willabruna klasteri» atly awçy-ýygnaýjy topara degişlidigini görkezdi. Zorluk alamatlarynyň ýoklugy we adaty iýmit tertibi jemgyýetiň Romito 2-ni alada bilen gurşandygyny alamatlandyrýar. 


04.06.2026 18:07
7.3k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6.1k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......