Hytaýda Aziýadaky iň gadymy çylşyrymly gurallar tapyldy

  • 29.01.2026 12:37
  • 2.1k+

Arheologlar Gündogar Aziýada iň gadymy çylşyrymly daş gurallaryny ýüze çykardylar. Bu täze tapyndy sebitiň tehnologik taýdan yza galandygy baradaky öňki garaýyşlary şübhe astyna alýar. Bu barada "Nature Communications" žurnalyndaky ylmy işde aýdylýar.

Häzirki wagta çenli daş asyrynyň esasy tehnologik täzelikleri Afrikada we Günbatar Ýewropada ýüze çykypdyr, Gündogar Aziýada bolsa olar gijräk  emele gelipdir diýlip hasaplanýardy. Henan welaýatynyň Dansýankou suw howdanynyň golaýyndaky Sigou ýerinden tapylan täze tapyndylar bolsa düýbünden başga garaýşy öňe sürýär.
​Arheologlar mundan 160-72 müň ýyl ozalky döwre degişli bolan 2601 sany daş bölegini tapdylar. Tapyndylaryň köpüsi 50 millimetrden kiçi bolup, olar kwarsdan we kwarsitden ýasalypdyr. 22 sany desganyň ýüzünde olaryň agaç sapa birikdirilendiginiň yzlary anyklandy, bu bolsa düzme gurallaryň ulanylandygyny subut edýär.
​Seljermeler bu sebitde on müňlerçe ýyllaryň dowamynda gurallary ýasamak üçin şol bir tehnologiýanyň ulanylandygyny görkezdi. Bu bolsa dowamly we üznüksiz ýerli däp-dessuryň bolandygyny aýtmaga esas döredýär.
​Käbir alymlaryň pikiriçe, agzalan döwürde Gündogar Aziýada denisowlylar (gadymy adamlar) ýaşan bolmagy mümkin. Eger bu şeýle bolsa, tapyndy olaryň tehnologik mümkinçilikleri baradaky düşünjeleri ep-esli giňeldýär.


11.06.2026 23:52
6.9k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

04.06.2026 18:07
7.3k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....