Arheologlar Omandan 7000 ýyl mundan ozal akula awlanandygynyň subutnamalaryny tapdylar

  • 20.01.2026 13:31
  • 6.1k+

Çeh Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Omanda neolit döwründe yzygiderli akula awlanandygyny görkezýän arheologik toplumy açdylar. Wadi Nafun jülgesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, takmynan 7000 ýyl mundan ozal döredilen umumy megalitik mazaryň üstünden baryldy. Barlagyň netijeleri Antiquity žurnalynda çap edildi.

Toplum hek daşyndan we dolomitden ýasalan togalak daş depelerinden ybarat bolup, onuň içine 300 ýylyň dowamynda 70-den gowrak adam jaýlanypdyr.

«Bu ýadygärlikden hyzmatdaşlygyň, umumy ynançlaryň we dabaraly giňişlige gaýtadan gaýdyp gelmegiň alamatlaryny görüp bolýar» diýip, taslamanyň ýolbaşçysy doktor Alžbeta Danielisowa belledi.

Dişleriň we süňkleriň durnukly izotop barlagy içerki çöl jülgesiniň ýaşaýjylarynyň deňiz önümlerini yzygiderli iýýändigini görkezdi. Ondaky azot derejesiniň ýokarydygy iri deňiz ýyrtyjylarynyň iýlendigini, olaryň hem akulalar bolmagynyň juda mümkindigini ýüze çykardy.

«Biz adaty deňiz belogy barada gürrüň etmeýäris» diýip, antropolog doktor Irži Şnerberger bu hakda aýratyn düşündirdi. Ýolbars akulasynyň dişleriniň, akula dişleri bilen bezen skatlaryň tikenli ýüzgüçleriniň hem-de balyk tutulýan gurallaryň tapylmagy-da bu maglumatlaryň üstüni ýetirýär. Eger olar doly tassyklansa, özünde Ýewropany, Aziýany we Afrikany jemleýän Köne Dünýäniň gurak zolagynda akula awlamagyň iň irki subutnamasy bolar.

Stronsiý we kislorod izotoplary käbir adamlaryň Wadi Nafunadan daşarda, 50 km uzaklykda ösendigini görkezýär. Bu işjeň hereketlilik deňiz serişdelerine elýeterliligi hem üpjün edýär.

«Bu açyşlar irki jemgyýetleriň dürli ekologiýa mümkinçiliklerinden peýdalanyp, hatda deňiz iýmit zynjyrynyň ýokarysyndan öz ornuny dolandyryp bilendigini görkezýär» diýip, Danielisowa nygtaýar.


04.06.2026 18:07
5.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......