Fransiýada myhmanhananyň aşagyndan XIV asyra degişli gala tapyldy

  • 06.01.2026 23:52
  • 15k+

Fransiýanyň Wann şäherindäki “Lagors” (Lagorce) myhmanhanasynyň aşagyndan arheologlar 1380-nji ýyllarda Breton gersogy Žan IV tarapyndan gurlan Şato-de-l'Ermin (Château de l'Hermine) köşgüniň galyndylaryny ýüze çykardylar. 2023-nji ýylda başlanan gazuw-agtaryş işleri netijesinde, galanyň diwarlarynyň ajaýyp ýagdaýda saklanyp galandygy we orta asyr durmuşyna degişli köp sanly jikme-jiklikler mälim boldy.

Fransiýanyň Öňüni alyş arheologiýa barlaglary boýunça milli institutynyň (INRAP) hünärmenleri 42x17 metr ölçegdäki gersog rezidensiýasynyň adatdan daşary galyň diwarlarynyň bolandygyny we onuň daşynyň ýörite gorag hendiği bilen gurşalandygyny habar berdiler.
3-4 gatly bina hatda öz döwrüniň ösen hajathana we suw akdyryjy ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Barlagçylar binanyň dabaraly basgançagyny, onuň bezegli binýadyny we penjire gyralaryndaky ýörite daş oturgyçlary tapdylar.
Galanyň içinden XV-XVI asyrlara degişli ýüzlerçe tapyndy — teňňeler, şaý-sepler, aşhana enjamlary, agaç çanaklar we çelek bölekleri çykaryldy. Hünärmenler gurluşygyň örän gysga wagtda we ýokary hilli ýerine ýetirilendigini belleýärler. "Žan IV öz döwrüniň iň ökde inženerlerini we ussalaryny töweregine jemlemegi başarypdyr" diýip, ekspertler nygtaýarlar.
Şato-de-l'Ermin takmynan bir asyrlap gersogyň esasy rezidensiýasy bolup hyzmat edipdir. Emma 1470-nji ýyllarda Fransisk II-niň döwründe gersog köşgüniň Nant şäherine göçürilmegi bilen, gala öňki ähmiýetini ýitiripdir we XVIII asyra çenli doly terk edilipdir.


09.06.2026 23:10
2.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....