Haçan? Nädip?: arheologlar Amerika ýaýran ilkinji adamlaryň geliş ugruny öwrendiler

  • 21.01.2026 23:39
  • 4k+

Science Advances žurnalynda çap edilen täze gözleg Amerika ilkinji göçüşligiň alternatiw düşündirişini hödürleýär. Ondan çen tutsaň, ilkinji amerikaly bolmak islän adamlaryň buzly Beringiýadan geçmegiň ýerine, deňiz baýlyklaryny özleşdirip, Demirgazyk-Gündogar Aziýanyň we Ýuwaş ummanyň kenary arkaly hereket edip bilmekleri-de mümkindi.

Ýapon we amerikan alymlary ýerli amerikanlaryň ata-babalary takmynan 25,000 ýyl mundan ozal Demirgazyk-Gündogar Aziýada dörän bolmaly. Şeýle-de arheologlar olaryň uzak wagtlap izolýasiýa edilen döwrüniň Hokkaýdo, Sahalin we Kuril adalarynyň kenarýaka zolagynda geçendigini. ol ýerlerde bolsa howanyň Beringiýanyň buzluk sebitlerine garanyňda mylaýym bolandygyny çaklaýarlar.
Hokkaýdoda we Demirgazyk Amerikada tapylan daş uçlarynyň we pyçaklarynyň arasyndaky meňzeşlik hem ýokardaky çaklamany tassyklaýar. Çünki 18,000–20,000 ýyl mundan ozal dörän bu gurallara görnüşli we ýasalyş usuly boýunça meňzeşler bar. Beringiýada Şeýle tehnologiýalar 14,000 ýyl mundan ozal, has soňrak peýda bolýar. «Şunlukda, tehnologiýa akymy pikir edilişi ýaly däl-de, tersine Demirgazyk-Gündogar Aziýadan Amerika gelýär» diýip, ylmy işgärler belleýärler.
Soňky güýçli buzluk döwründe Beringiýanyň üsti bilen içerki ýollarda gezelenç etmek örän kyn bolupdyr. Şeýle-de bolsa, Ýapon adalaryndaky tapyndylar 35,000 ýyl mundan ozalky adamlaryň deňizçilik başarnyklarynyň näderejede bolandygyny görkezýär.
Alymlar irki göçüp gelenleriň gönümel genetiki yz galdyrmadyk bolmagynyň mümkindigini-de nygtaýarlar. «Biz Amerikanyň ilatlaşmagynda möhüm rol oýnap ýa ýitip, ýa siňip giden gümürtik populýasiýanyň gürrüňini edýäris.» diýip, olar öz gözlegleriniň sebäbini düşündirýärler.


09.06.2026 23:32
3.9k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

04.06.2026 18:07
7.3k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

03.06.2026 23:03
7.1k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......