Paleontologlar Portugaliýada dili uzyn gadymy amfibiýany tapdylar

  • 03.02.2026 06:29
  • 3k+

Portugaliýanyň Lorinýan formasiýasynda mundan takmynan 150 million ýyl ozal ýaşan we ozal nämälim bolan Nabia civiscientrix atly örän gadymy amfibiýanyň galyndylary tapyldy. Bu tapyndy dinozawrlaryň döwründen tä iň soňky buzluk eýýamyna çenli ýaşan, az öwrenilen we nesli kesilen Albanerpetontidae toparyna degişlidir.
Barlagçylar topary 400-den gowrak süňki, şol sanda kelleçanaklary we oňurgalary ýüze çykardylar. Bu jandaryň ölçegi 5 santimetrden uly bolmandyr. Haýwanyň teňňe hamly derisi, gaty dyrnaklary we özboluşly awçylyk usuly bolupdyr. Jandar  häzirki zaman hameleonlary ýaly, awuny tutmak üçin dilini uzak aralyga oklapdyr.

Tapyndyny jikme-jik öwrenmek üçin, onuň uzynlygy bir millimetr töweregi bolan iň gowy saklanan nusgalary Londonyň uniwersitet kollejine iberildi. Ekspertler mikrokompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen olaryň 3D modellerini döretdiler. Modeller bogun ýüzlerini we gan damarlary üçin deşiklerini anyklamaga mümkinçilik berdi.
Netijede Nabia civiscientrix öz maşgalasynyň iň gadymy wekilleriniň biri we häzirki zaman ýer-suwda ýaşaýanlaryň ähli ata-babalary bilen ýakyn garyndaşlyk baglanyşygy bolan jandar hökmünde ykrar edildi.


11.06.2026 12:12
7.5k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

10.06.2026 11:13
8.8k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

08.06.2026 12:39
6.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....