Beýik Britaniýada giçki Rim döwrüne degişli süňkden ýasalan täsin gutujyk tapyldy

  • 14.01.2026 12:03
  • 4k+

Beýik Britaniýanyň Wusterşir graflygynyň Brodweý şäherindäki giçki Rim döwrüniň mazarlygynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, alymlar keýik süňkünden ýasalan oýma nagyşly täsin gutujygy ýüze çykardylar. Arheologlar öň hiç haçan şeýle tapynda duş gelmändiklerini belleýärler.

"Milestone Ground" meýdançasyndaky gazuw-agtaryş işleri "Worcestershire Archaeology" topary tarapyndan meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň öňüsyrasynda amala aşyrylýar. Bu ýerlerde adamyň ýaşaýşynyň yzlary 8 000 ýyl bäri dowam edip gelýär. Gymmatly tapyndy ýaş zenanyň mazaryndan tapyldy.
Ölçegi 6,9x3,3 santimetr bolan bu predmet kämil ýagdaýda saklanyp galypdyr. Gutujygyň süýşürilýän gapagy bar, onuň ýüzi bolsa Rim oýun süňklerine (çöplerine) mahsus bolan tegelekler we nokatlar bilen bezelipdir. Galyndylaryň radiouglerod seljermesi bu gymmatlygyň giçki Rim döwrüne (biziň eýýamymyzyň II asyrynyň ahyry – V asyr) degişlidigini tassyklady.
Barlagçylar bu gutujygyň kosmetika serişdelerini ýa-da melhemleri (çalgylary) saklamak üçin niýetlenen bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.
Gazuw-agtaryş işleriniň ýolbaşçysy Jeými Wilkins: "Men öň hiç haçan şeýle zada duş gelmändim we biziň hakykatdanam adatdan daşary bir tapyndy ýüze çykarandygymyz derrew belli boldy" — diýip bildirdi. Ol bu tapyndyny diňe bir ýasalyş ussatlygy we gowy saklanandygy üçin däl, eýsem bu ýerde ýaşan adamlar barada gürrüň berýän taryhy üçin hem haýran galdyryjy diýip atlandyrdy.


düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......