Bretan kenarýakalarynda deňziň aşagyndan 7000 ýyllyk daş diwar tapyldy

  • 24.12.2025 14:00
  • 5.8k+

Fransiýanyň deňiz arheologlary Bretan kenarýakalarynda dokuz metr çuňlukda biziň eramyzdan öňki 5000-nji ýyllarda gurlan daş diwary tapdylar diýip, BBC habar berýär.

Uzynlygy 120 metr, beýikligi bolsa takmynan 2 metr bolan bu desga Sen adasynyň golaýynda ýerleşýär.
Barlagçylaryň maglumatlaryna görä, bu desga adanyň kenarýaka liniýasynyň boýunda gurlupdyr. Ol suwuň galmagyndan goranmak üçin ýa-da balyk tutmak üçin niýetlenen bent hökmünde ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen deňiz derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli, ada bu desga bilen bilelikde diýen ýaly dolulygyna suwa batypdyr.
Alymlar bu çäkleriň suwa batmagynyň breton rowaýatlarynyň döremegine esas bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Hususan-da, söhbet ýerli yrym-ynançlara görä tapylan desganyň gündogarynda ýerleşen rowaýaty Ker-Is şäheri barada gidýär. Rowaýata görä, IV–V asyrlarda ýaşan Kornuaý patyşasy Gradlon bu şäheri gyzy üçin gurdurypdyr we ony ägirt uly inženerçilik desgasy arkaly ummandan goramak isläpdir.


düýn 20:32
3.3k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

23.05.2026 16:15
8.3k+

AF447 gatnawynyň heläkçiliginde Airbus we Air France günäkär hasaplandy

Parižiň Şikaýat kazyýeti 2009-njy ýylda Atlantik ummanynyň üstünde AF447 gatnawynyň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda Airbus awiaöndürijisini we Air France awiakompaniýasyny tötänden adam öldürmekde......