22 müň ýyl ozal Ýaponiýada piller ýaşapdyr: Olar ol ýere nähili düşüpdir we soň nirä ýitirim bolupdyr?

  • 02.01.2026 10:47
  • 6.1k+

Alymlar ilkinji gezek Nauman piliniň gadymy DNK-syny seljerdiler. Bu pil Ýapon adalarynda ýaşan we takmynan 22 000 ýyl mundan ozal ýitip giden, göni gyýakly pilleriň bir görnüşidir. Iki jandaryň süňkleriniň genetiki seljermesine esaslanýan bu barlag Cell žurnalynda çap edildi.

Gürrüň Ýaponiýadaky müňlerçe galyndysy arkaly belli bolan Palaeoloxodon naumanni barada gidýär. Mitohondrial DNK seljermesi ýapon piliniň Germaniýadan we Hytaýdan tapylan gadymy piller bilen ýakyn garyndaşdyygyny görkezdi. Olaryň hemmesi bir genetiki topary emele getirýär.

"Biziň seljermämiz P. naumanni nesliniň örän irki döwürde — takmynan bir million ýyl mundan ozal — bölünip aýrylandygyny görkezýär. Bu bolsa ony bu topardaky iň irki şaha öwürýär" diýip, barlagçylar düşündirýärler.

Mundan öň alymlar Ýewraziýa Palaeoloxodon-ynda kelleçanagyň gurluşynyň iki görnüşini tapawutlandyrdylar: has ýönekeý (primitive) we birneme ösen görnüş. Ýapon pili irki, ýönekeý görnüşe degişlidi. Genetiki maglumatlar onuň Afrikada döräp, takmynan 0,78 million ýyl mundan ozal Ýewraziýada ýaýrap başlan nesliň ilkinji tolkunlarynyň biridini tassyklady.
Bu pilleriň bir bölegi Pleýstosen döwründe gury ýer köprüleri arkaly Ýapon arhipelagyna düşüpdir. Adalaryň üzňeligi bu pilleriň materikdäki garyndaşlaryndan has uzak ýaşamagyna mümkinçilik beripdir.

"Ýapon arhipelagy köplenç gadymy görnüşler üçin gaçybatalga bolup hyzmat edipdir. Bu üzňelik Nauman piline has gadymy görnüşdäki materik garyndaşlaryndan has uzak ömür sürmäge mümkinçilik berdi" diýip, awtorlar belleýärler.


düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......