Meksikada sapotekleriň 1,4 müň ýyl ozal guran aramgähi tapyldy

  • 29.01.2026 06:43
  • 3k+

Meksikanyň Antropologiýa we taryh milli institutynyň (INAH) arheologlary San-Pablo-Uitso häkimliginiň ýerleşýän ýerinden sapotekleriň , takmynan, biziň eýýamymyzyň 600-nji ýylyna degişli bolan aramgähini ýüze çykardylar. ArtDaily neşiriniň ýazmagyna görä, bu gurluş özüniň asyl durkuny tas doly diýen ýaly abatlygyyna saklapdyr.
Aramgähiň girişi baýguşyň şekili we sapotek hökümdarynyň gyzyl reňkli mermer heýkeli bilen bezelipdir. Alymlaryň pikiriçe, bu keşp aramgähiň eýesini alamatlandyryp biler. Giriş gapysynyň iki gapdalynda kelleleri gabaraly başgaply erkek we aýal şekilleri oýulyp ýasalan ägirt uly daş sütünleri ýerleşýär.
Aramgähiň içinde arheologlar senenama belgileri oýulyp ýazylan dürli reňkli daşly diwar bezeglerini (frizleri), şeýle-de gapy bosagalaryndaky goragçylaryň şekillerini tapdylar. Diwarlarda dabaraly ýörişi görkezýän reňbe-reň suratlar (freskalar) çekilipdir. Suratlardaky gahrymanlar hoşboý ysly tütetgi hökmünde ulanylýan agaç şepbigini — kopal guýlan gaplary göterip barýarlar. Bezeglerde sarymtyl, ak, ýaşyl, gyzyl we gök reňkler agdyklyk edýär.
Meksikanyň Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum hem bu taryhy ähmiýetli täzelige üns çekip, onuň ýurduň soňky onýyllykdaky iň ähmiýetli arheologik açyşydygyny belledi. Hakykatdan hem, aýdyşy ýaly, bu tapyndy sapotekleriň jemgyýetçilik gurluşyny, ynançlaryny we dini däp-dessurlaryny has çuňňur öwrenmäge ýardam berer.


13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......