Diýego Riweranyň agtygy muzeýe suratkeşiň kolleksiýasyndan 150 müňden gowrak eksponat sowgat berdi

  • 04.05.2026 11:18
  • 2.4k+

Meksikanyň Mehiko şäherindäki «Anauakalli» muzeýi, suratkeş Diýego Riweranyň agtygy Huan Rafael Koronel Riweradan 157,3 müň sany predmetden ybarat kolleksiýany kabul etdi. Bu ýygyndy 40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda emele gelipdir.

​Kolleksiýanyň içine Diýego Riwera bilen Frida Kalonyň şahsy kitaphanalaryndan alnan suratlar, oýma eserler, keramika, dokma önümleri, arhiw resminamalary we hatlar girdi. Sowgat berlen zatlaryň arasynda suratkeşleriň öz çeken suratlary ýok.

​Kolleksiýany gowşurmak işi tapgyrlaýyn geçirilip, ýylyň ahyryna çenli tamamlanar. Muzeýiň direktory Teresa Moýýa bu sowgadyň muzeýe Riwera tarapyndan goýlan ilkinji pikiri yzyna gaýtaryp berýändigini belläp geçdi we: «Ol bu ýeri diňe bir sergi zaly däl, eýsem kolleksiýa ýygnamagyň bilime öwrülýän giňişligi hökmünde görüpdi» diýip, aýratyn belledi.

​1955-nji ýylda Diýego Riwera «Anauakalli» we Frida Kalo muzeýlerini köpçülige açyk saklamak üçin Meksika Bankynyň ýanynda üýtgewsiz trasty (ynamdar dolandyryş guramasyny) döretdi.

Toplumyň gelip gowuşmagy muzeýiň çägini giňeltmek meýilnamalary bilen gabat geldi. Täze binalaryň gurluşygyna 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylda başlanyp bilner.


28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:25
1.7k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

27.05.2026 15:32
2.6k+

Argentinaly suratkeş reňkini üýtgedýän eserleri bilen meşhurlyk gazandy

Argentinaly suratkeş Gwido Llordi serediş burçuna we ýagtylyga görä reňkini üýtgedýän suratlary bilen uly meşhurlyk gazandy....

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....