Atakama çölünde öň mälim bolmadyk öý haýwanynyň galyndylary tapyldy

  • 22.12.2025 15:22
  • 5.4k+

Çiliniň günortasyndaky Atakama çölünde alymlar gadymy indeýler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen, öň mälim bolmadyk öý haýwanynyň galyndylaryny tapdylar. Geçirilen barlaglar bu haýwanlaryň lamalaryň we alpakalaryň ýakyn garyndaşydygyny, ýöne häzirki wagtda nesli kesilen düýegiller (camelids) maşgalasynyň aýratyn bir görnüşine degişlidigini görkezdi.

Barlagyň netijeleri abraýly Nature Communications žurnalynda çap edildi.
Bu açyş Kopengagen uniwersitetiniň professory Maýkl Uestberiniň ýolbaşçylygyndaky çilili we daniýaly paleogenetikler topary tarapyndan Tulan jülgesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda edildi. Bu sebit mundan 4400–5300 ýyl ozal Günorta Amerikanyň ilkinji maldarlarynyň mesgen tutan ýeri bolupdyr.

"Biziň seljermämiz Günorta Atakama çölüniň gadymy ilatynyň häzirki wagtda düýbünden ýok bolup giden ýabany düýegiller populýasiýasyny eldekileşdirendigini ýa-da olardan peýdalanandygyny görkezýär. Bu bolsa häzirki zaman lamalarynyň we alpakalarynyň, Täze Dünýäniň gadymy maldarlary tarapyndan ilkinji gezek eldekileşdirilen haýwanlaryň gönüden-göni nesilleri däldigini subut edýär" — diýip, barlagda bellenilýär.

Alymlar jemi 75 sany düýegiller maşgalasyna degişli haýwanyň galyndylaryny tapdylar we olardan DNK böleklerini almagy başardylar. Geçirilen analizler galyndylaryň 49-synyň gadymy lamalara we wikunýalara (vicuñas), 25-siniň bolsa öň mälim bolmadyk öý haýwanyna degişlidigini görkezdi.
Şeýle hem, barlagçylar galyndylaryň arasynda erkek we urkaçy haýwanlaryň sanynyň arasyndaky tapawuda üns berdiler. Bu ýagdaý gadymy taýpalaryň bu haýwanlary dürli maksatlar (iýmit, ýük daşamak ýa-da ýüň) üçin ulanandygyny görkezip biler.


19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......