Ýewropada ýaşan adamlar 25 müň ýyl ozal hem ýüzlerçe km aralykda gatnaşyk saklapdyrlar

  • 29.01.2026 10:31
  • 6k+

Arheologlar Merkezi Ispaniýada, gelip çykyşy häzirki Fransiýanyň çäklerine degişli bolan we tapylan ýerinden 700 kilometrden gowrak uzaklykdan getirilen daş gurallaryny tapdylar. Science Advances žurnalynda çap edilen ylmy işde bellenilişi ýaly, bu aralyk Ýewropanyň paleolit döwri üçin daş gurallarynyň daşalan iň uzak aralygy hökmünde tassyklanylýar.
Taryhy gymmatlyklar Madridden takmynan 100 kilometr demirgazykda ýerleşýän Penýa-Kapon gaýa asty düşelgesinden tapyldy. Radiouglerod seljermesi bu tapyndylaryň mundan 25,3–23,9 müň ýyl ozalky döwre — soňky buzlaşma döwrüniň iň sowuk tapgyrlarynyň birine degişlidigini görkezdi. Tapyndylaryň agramly bölegi ýerli daşlardan ýasalan bolsa-da, bäş sany gural Pireneý daglarynyň aňyrsyndan alnan ýaşma şekilli çakmak daşyndan ýasalypdyr.

Himiki seljerme daşlaryň gelip çykan ýerleriniň Fransiýadygyny tassyklady. Hil we hyzmat ediş nukdaýnazaryndan bu önümleriň ulanylýan ýerli gurallardan üýtgeşik bir artykmaçlygy ýok. Bu bolsa olary uzakdan getirmegiň zerurlygyny aradan aýyrýar. Barlagçylaryň çaklamasyndan çen tutsaň, bu gurallaryň ýadygärlik hökmünde, şeýle-de awçy-ýygnaýjy toparlaryň arasyndaky durmuşy gatnaşyklary  saklamak üçin ulanylan bolmagy mümkin.
Tapyndylaryň ýaşy şeýle gatnaşyklaryň 1 müň ýyldan gowrak wagtlap dowam edendigini görkezýär. Şunlukda alymlar örän sowuk howa şertlerinde giň gerimli durmuş torlary çaklaňja we işjeň jemgyýetlere ýaşamaga, maglumat we serişde alyşmaga kömek edendir diýlen netijä geldiler.
Täze maglumatlar buzlaşma döwründäki Ýewropada uzak aralyklar bilen saklanan gatnaşyklaryň gerimi baradaky düşünjeleri-de giňeldýär.


düýn 11:11
2.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

02.06.2026 11:16
2.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....