Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

  • 28.05.2026 11:57
  • 3.9k+

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Fransiýada we Beýik Britaniýada eýýäm temperatura rekordlary hasaba alyndy, Ispaniýada we Portugaliýada bolsa sinoptikler temperaturanyň 40 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşýarlar.

Fransiýa

​Météo-France meteogullugynyň maglumatlaryna görä, temperatura dynç günlerinden bäri ýokarlanyp başlady we birnäçe sebitlerde klimat kadasynyň 9–13 gradus ýokarsyna çykdy.

​25-nji maý Fransiýada synaglaryň tutuş taryhy boýunça iň yssy maý güni boldy. Ýurt boýunça ortaça temperatura 24,6 gradusa ýetdi, Angulemde bolsa howa 36 gradusa çenli gyzdy.

​26-njy maýda yssylyk has-da güýçlendi. Günbatardaky sekiz sany departamentde mämişi derejeli howp yglan edildi. Penşenbe gününe çenli ýurduň günogarynda temperatura 39 gradusa çenli ýokarlanyp biler diýlip çak edilýär.

​Fransiýanyň hökümeti gönümel yssy ýa-da şol bilen dahylly ýagdaýlarda ýedi adamyň aradan çykandygyny habar berdi.

​Beýik Britaniýa

​«Met Office» meteorologiýa gullugy ýaz pasly üçin täze temperatura rekordyny habar berdi. Londonyň Kýu korollyk botanika baglarynda 25-nji maýda 34,8 gradus yssylyk hasaba alyndy.

​Mundan öňki rekord — 32,8 gradus bolup, ol 1922-nji ýyldan bäri saklanyp gelýärdi. «Met Office» gullugy şeýle temperaturanyň hatda tomsuň ortaky aýy üçin hem adatdan daşarydygyny belledi.

Irlandiýa

​25-nji maýda iki sany meteostansiýa maý aýy üçin rekord bolan 28,8 gradus yssylygy hasaba aldy. Öňki iň ýokary görkeziji 1997-nji ýylda 28,4 gradusa deň bolupdy.

Germaniýa

​23-nji maýda aýratyn sebitlerde temperatura 30 gradusdan geçdi. Deutsche Welle gullugynyň maglumatlaryna görä, sişenbe gününe çenli käbir sebitlerde yssynyň has-da güýçlenmegine garaşylýar.

Ispaniýa

​Aemet döwlet agentligi maý aýynyň ahyry üçin adatdan daşary ýokary temperaturalar barada duýdurdy. Yssynyň iň ýokary nokadyna sişenbe gününden anna gününe çenli garaşylýar. Howa 36–38 gradusa, kä ýerlerde bolsa 40 gradusa çenli gyzar.

Portugaliýa

​Hepdedäki iň ýokary görkezijilere ýurduň käbir sebitlerinde 40 gradusa golaýjak yssy howa bilen garaşylýar.

Italiýa

​Birnäçe sebitlerde temperatura eýýäm birnäçe günden bäri maý kadasyndan ýokary bolup durýar. Dynç günlerine çenli Milanda we Rimde 31–32 gradus, Florensiýada we Bolonýada bolsa 33 gradusa çenli yssy bolmagy mümkin.

​Rimi hem öz içine alýan Lasio welaýatynda häkimiýetler oba hojalygy, gurluşyk we logistika işgärleri üçin açyk asmynyň astynda işlemäge çäklendirmeler girizdiler. Bu çäreler 15-nji sentýabra çenli güýjünde galar.

​Severe Weather Europe taslamasynyň habar bermegine görä, maýyň soňky şenbesinde Günbatar Ýewropada temperatura kadadan takmynan 12–16 gradus ýokary bolup durýar. Hünärmenler bu yssylygy ýokary basyşly zolak we Demirgazyk Afrikadan gelýän ýyly howa sebäpli sebitiň üstünde emele gelen «ýylylyk gümmezi» bilen baglanyşdyrýarlar.

​Météo-France gullugy klimat üýtgemeleriniň täsirinde Ýewropada biri-birinden beter aşa yssy günleriň has ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny belleýär.


şu gün 11:21
1.5k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

15.06.2026 12:26
868

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......

14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......