11k+

Boksçy "Şazada" Nasim baradaky filmiň treýleri çykdy

Internetde meşhur iňlis-ýemen boksçysy "Şazada" Nasim Hamed hakyndaky "Äpet" atly sport dramasynyň treýleri ýaýradyldy. Film oktýabr aýynda 2025-nji ýylda geçiriljek BFI London film festiwalynda görkeziler. Filmde Amir El-Masri we Pirs Brosnan çykyş edýär...

20k+

Şah Ruh Han milliarder bolan ilkinji Bolliwudly ýyldyz boldy

Şah Ruh Han dollar milliarderleriniň sanawyna girizilen ilkinji Bolliwudly aktýor boldy. Onuň arassa baýlygy 1,4 milliard dollar hasap edilýär diýip, Hindistanyň iň baý adamlarynyň her ýyl düzülýän Hurun India Rich List 2025 sanawyna salgylanýan BBC habar berýär...

7.5k+

2025-nji ýylda dünýäniň dürli ýurtlarynda internet nyrhlarynyň reýtingi düzüldi

Häzirki wagtda internet durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, ýöne onuň bahasy dürli ýurtlarda ep-esli tapawutlanýar. “We Are Social” guramasynyň maglumatlaryna esaslanýan infografika, 2025-nji ýylda 60-dan gowrak ýurtda bir sekuntda megabit üçin giň zolakly internetiň bahasynyň näderejede tapawutlanýandygyny görkezýär...

1.6k+

Täze “Supermen” filmine HBO Max-da 13 million gezek tomaşa edildi

Variety neşiriniň habar bermegine görä, Jeýms Gannyň täze “Supermen” filmi HBO Max akym hyzmatynda oňyn netijeleri görkezýär. Çykarylandan bäri 10 günüň içinde oňa 13 million gezek tomaşa edildi, bu “Barbi” geçen ýyl akym hyzmatyna çykaly bäri iň gowy netije boldy...

4.6k+

Dubaýda sürüjisiz ulaglar üçin 15 kilometrlik zolak peýda bolar

Dubaýyň sürüjisiz ulaglary ösdürmek boýunça uly meýilnamalary bar. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli şäheriň köçelerinde ilkinji robotaksiler gatnap başlar we indiki tapgyrda 2026-njy ýylda 15 kilometrlik awtonom ulag zolagynyň açylyşy bolar...

3.3k+

Wenerada ilkinji läbik turbalaryň bardygynyň alamatlary tapyldy

Padua uniwersitetinden Barbara De Toffoliniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary Wenerada ilkinji gezek läbik turbalarynyň bardygyny tassyklaýan ylmy delilleri ýüze çykardy. Alymlar öňki kosmos missiýalarynyň radio­loka­siýa we topografiýa maglumatlaryny öwrenip, diametri 100 kilometreden ýokary bolan ullakan şit wulkanlaryna üns berdiler...

2.8k+

Pitchfork neşiri ähli döwürleriň iň gowy 100 rep albomyny saýlady

Pitchfork aýdym-saz neşiri ähli döwürleriň iň gowy 100 rep albomynyň sanawyny hödürledi. Reýtingiň başynda Mobb Deep hip-hop duetiniň 1995-nji ýylda çykan The Infamous albomy ýerleşdi. Žurnalistler Albert Jonsonyň (Prodigy hökmünde tanalýar) bentleri düzmekde ussatlygyny belledi...

1.7k+

Spotify-yň esaslandyryjysy Daniel Ek kompaniýanyň baş direktory wezipesinden gider

Spotify-nyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy, telekeçi Daniel Ek kompaniýanyň baş direktory wezipesinden gitmek kararyna gelendigini mälim etdi. Bu barada Forbes habar berýär. Ek indi ýerine ýetiriji geňeş başlygy wezipesine geçer we kompaniýanyň uzak möhletli strategiýasyna hem-de esasy maýa goýumlaryna ünsi jemlär...

1.5k+

Aşgabatda “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

3-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň, BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) bilelikde yglan etmeginde geçirildi diýip, guramaçylar habar berdiler...

5.5k+

Lýuksemburgda monarh çalyşdy: beýik gersog Anri tagty ogluna geçirdi

3-nji oktýabrda Lýuksemburgda beýik gersog Anriniň tagtdan ýüz döndermek dabarasy boldy. 70 ýaşly monarh 25 ýyldan soň öz ygtyýaryny üstünden aýryp, häkimiýeti uly ogluna – 43 ýaşly Giýoma tabşyrdy. Bu barada Associated Press agentligi habar berdi...

7k+

Türkmenistan Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisini çalyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Baýram Akmyradowiç Baýramowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda Permana gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň degişli karary bilen, Baýram Akmyradowiç Baýramow Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi...

7.4k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisini belledi

3-nji oktýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda wezip üýtgeşmelerini geçirdi. Gol çekilen resminamalara laýyklykda, Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazow Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi...

23k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň etrap häkimleriniň orunbasarlaryny belledi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji oktýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň käbir etraplarynyň häkimlerinde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Ahal welaýaty boýunça: Guwançmyrat Aşyrmyradowiç Täşliýew Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi...

12k+

Serdar Berdimuhamedow dokuz aýyň jemleri boýunça Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

3-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi...

14k+

Arman Sarukýan Katardaky UFC ýaryşynda Den Huker bilen söweşer

Absolýut söweş çempionaty (UFC) 22-nji noýabrda Dohada geçiriljek ýaryşda rus-ermeni söweşijisi Arman Sarukýanyň täze zelandiýaly Den Huker bilen duşuşjakdygyny yglan etdi. Söweş agşamyň esasy wakasy bolar. Ýaryşyň ýene bir esasy söweşinde ýarym orta agramda UFC-niň öňki çempiony asly palestinaly amerikan Belal Muhammad bilen irlandiýaly Ien Gerri tutluşar...

5.9k+

Ford Expedition 2025 piknik we kemping üçin töwerekleýin yşyklandyryşa eýe boldy

Ford Zone Lighting töwerekleýin yşyklandyryş ulgamy bilen 2025-nji ýylyň täzelenen Expedition ulagyny hödürledi. Yşyk ulgamy indi dört zolagy – awtomobiliň öňüni, yzyny we gapdallaryny öz içine alyp, ulagyň perimetri boýunça deňölçegli yşyklandyryşy üpjün edýär diýip, Car and Driver habar berýär...

8.2k+

Ilon Mask baýlygy ýarym trillion dollara ýeten ilkinji adam boldy

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda amerikaly işewür, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Forbes žurnalynyň hasaby boýunça baýlygy 500 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Milliarderler indeksiniň maglumatlaryna görä, milliarderiň baýlygy bu görkezijä Tesla-nyň paýnamalarynyň 4% ýokarlanmagy netijesinde ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 15:30-da (Aşgabat wagty bilen 00:30) ýetdi...

3.9k+

30-31-nji oktýabrda Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri geçiriler

30-31-nji oktýabrda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri işewürlik çäresi geçiriler. Onuň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar...