Kanýe West awtorlyk hukugy boýunça kazyýetde utuldy: indi ol öwezpuluny tölemeli bolar

  • 18.05.2026 22:01
  • 6.5k+

Meşhur repçi Kanýe West awtorlyk hukuklaryny bozandygy baradaky kazyýet işinde ýeňildi diýip, The Guardian neşiri habar berdi.

Kazyýet sazandany 2018-nji ýylda Halil Abdul-Rahman, Sem Barş, Joş Mis we Den Siff tarapyndan döredilen «MSD PT2» atly instrumental sazyň bölegini bikanun ulanmakda aýyplady.

Metbugatda ýazylyşyna görä, West bu sazy bir prodýuser arkaly alyp, özüniň «Hurricane» atly aýdymynda ulanypdyr. Sazyň hakyky eýeleri aýdymyň soňky nusgasynda awtor hökmünde görkezilipdir, ýöne repçi aýdym resmi taýdan çykmazdan ozal, onuň deslapky nusgasyny özüniň «Donda» albomynyň tanyşdyrylyş dabarasynda ulanypdyr.

Şeýlelikde sazyň eýeleri repçiniň bu çärede öz sazlaryny ulanandygy üçin pul tölemelidigini öňe sürdüler. Çünki şol dabarada satylan biletler Kanýe Weste gowy girdeji getiripdi. Mundan başga-da, dabara gelen myhmanlar Kanýe tarapyndan taýýarlanan ýörite eşikleri we beýleki harytlary satyn alypdyrlar.

Kazyýet repçiniň kompozitorlara alty belgili (azyndan 100 müň dollar) öwezpuly tölemelidigi barada karar çykardy. Westiň wekilleri bolsa, bu puluň mukdarynyň awtorlaryň garaşan we talap eden çykdajysyndan has az bolandygyny aýtdylar. Kazyýet mejlisine sazandanyň özi hem gatnaşdy. Ol öz çykyşynda:

 – Men adamlara hakyky mynasyp bolan zatlaryny berýändigime buýsanýaryn. Ýöne häzir köp adamyň menden peýdalanjak bolýandygyny-da aňýaryn. Şu gün kazyýet jaýynda otyrkam, adamlaryň diňe meniň adymyň üsti bilen gazanyp bilişlerinden-de has köp pul gazanjak bolýandyklary barada oýlandym – diýip, köpmanyly bellik etdi.


06.06.2026 14:40
2.2k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.1k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

04.06.2026 17:17
5.5k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 22:59
2.4k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....