Toyota Corolla-nyň 60 ýyllygyna bagyşlap ýubileý nusgasyny çykardy

  • 19.05.2026 09:43
  • 6.9k+

Toyota Ýaponiýada Corolla Sedan we Corolla Touring modelleriniň ýubileý wersiýalaryny tanyşdyrdy. Bu ýörite nusgalar modeliň 60 ýyllygyna gabatlanyp çykaryldy.

Awtomobiller özboluşly dizaýna, gibrid güýç gurluşyna eýe boldy we olar hem öňki tekerleri çekiji (FWD), hem doly çekiji (AWD) görnüşlerinde elýeterlidir.

Iki wersiýa hem 2024-nji ýylda hödürlenen Active Sport modifikasiýasynyň binýadynda döredildi. Sedanyň öňki bamperiniň nakladkalary we gapdal «ýubkalary» kuzowyň reňkinde reňklenen, uniwersal modelde (Touring) bolsa bu elementler gara reňkde ýerine ýetirildi.

Awtomobiller 17 dýuýmlyk gara teker diskleri, öňki ganatlaryndaky «60th anniversary» diýen ýubileý ýazgylary we öňki panelindäki seriýanyň logotipi bilen üpjün edildi. Salonda bolsa sport oturgyçlary goýlupdyr.

Tehniki taýdan iki model hem 1,8 litrlik hereketlendiriji esasyndaky gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Ulaglaryň umumy kuwwaty 138 at güýjüne deňdir. Güýç gurluşy bilen bilelikde wariator işleýär.

Corolla Sedan-yň bahasy 3 231 800 ýenadan (20,5 müň dollar), Corolla Touring-iň bahasy bolsa 3 282 400 ýenadan (20,8 müň dollar) başlanýar.

Kompaniýa şeýle hem şu ýylyň ahyryna çenli Corolla Sport Hatchback we Corolla Cross modelleriniň ýubileý wersiýalarynyň çykaryljakdygyny habar berdi. Şol bir wagtyň özünde Toyota Ýaponiýanyň bazary üçin adaty Corolla hataryny hem täzeledi. Esasy X komplektasiýasy indi Smart Entry we Navigation-Ready Package toplumlary bilen enjamlaşdyrylýar.

Mundan başga-da, ýakynda awtomekdepler üçin aýratyn 5 pedally wersiýa peýda boldy, ol hem benzinli hereketlendiriji, hem gibrid ulgamy bilen hödürlenilýär.


düýn 09:56
2.4k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....