Fizikler Dünýä çempionatynda ulanyljak topuň garaşylýan wagtyndan öň ýere düşýändigini ýüze çykardylar

  • 18.05.2026 23:23
  • 8k+

ABŞ-nyň Pýudžet-Saund uniwersitetiniň fizikleri 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi topuny synap gördüler we onuň örän gyzykly aýratynlygyny ýüze çykardylar.

Adidas kompaniýasynyň ýasan «Trionda» atly täze topy çempionatyň taryhynda ilkinji 4 bölekden ybarat top bolar. Onuň dizaýny ýaryşy gurnaýan Kanada, ABŞ we Meksika ýurtlaryna bagyşlanyp taýýarlanyldy.

Alymlar topy ýörite şemally turbalarda we kompýuter programmalarynda barlap, öňki Dünýä çempionatlarynyň toplary bilen deňeşdirdiler. Netijede topuň örän güýçli depilen wagtynda howada tizligini çalt ýitirip, garaşylýan ýerine ýetmän, has ir aşak düşüp başlaýandygy belli boldy.

Fizik alym Jon Erik Goffuň aýtmagyna görä, topuň bu häsiýeti professional futbolçylary azda-kände ýalňyşdyryp biler. Sebäbi güýçli urlan urgulardan soň, top bellenen sepgidine (pas berilýän ýere ýa-da derwezä) birnäçe metr ýetmän galar. Mysal üçin, sekuntda 35 metr tizlikde barýan bu top, Katarda geçen dünýä çempionatynyň topuna garanyňda, takmynan 10 metr bärdäki ýere düşüp biler.

Şeýle-de bolsa, bu topuň gowy tarapy hem bar. Ol jerime urgularda ýa-da burçdan depilende adaty tizlikde (43 km/sag töweregi) howada örän durnukly uçýar we öňki toplar ýaly ugruny üýtgetmeýär. Bu bolsa derwezebanlara topuň nireden geljekdigini öňünden çaklamaga we ony aňsatlyk bilen tutmaga kömek eder.

Mundan başga-da, bu top diňe bir dizaýny däl, eýsem tehnologiýasy bilen hem tapawutlanýar. Onuň içine ýörite akylly çip gurnalandyr. Bu çip oýun wagtynda meýdançadaky maglumatlary derrew VAR ulgamyna we ofsaýdy anyklaýan kömekçi programmalara geçirip durar.


şu gün 13:41
5.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
5.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......