Ýewropa Bileleşigi bikanun migrasiýany 40% azaltdy

  • 18.05.2026 17:51
  • 3k+

Ýewropa Bileleşiginiň serhet gullugy bolan Frontex agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda ÝB-niň serhetlerinden bikanun geçmek synanyşyklary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 40% azaldy.

Guramanyň hasabatynda 2026-njy ýylyň başyndan bäri ÝB-niň çägine bikanun ýollar bilen giren adamlaryň sanynyň 29 müňden hem az bolandygy we bu görkezijiniň soňky ýyllaryň iň pes derejesi hökmünde hasaba alnandygy aýdylýar. Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylda şeýle ýagdaýlaryň sany häzirki görkezijiden takmynan üç esse köp bolupdy.

Häzirki wagtda bikanun göçüşligiň iň esasy ugry hökmünde Ortaýer deňziniň merkezi bölegi, ýagny Liwiýadan Italiýanyň kenarlaryna barýan ýol galýar. Ikinji esasy ugur bolsa Türkiýäniň üsti bilen Gresiýa we Kipre barýan Gündogar Ortaýer deňzi ýoludyr. Bu iki ugra Ýewropa Bileleşigine bikanun girmäge synanyşýanlaryň takmynan üçden biri degişlidir.

Frontex gullugy şonuň bilen birlikde, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça hem ÝB-ne bikanun girenleriň sanynyň ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 25% azalandygyny-da ýatlatdy.


düýn 23:56
1.1k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 22:19
1.4k+

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

26.06.2026 07:48
1.8k+

ÝB smartfon öndürijileriň önümleriniň hyzmat möhletini görkezmeklerini isleýär

Ýewropa komissiýasy smartfon we beýleki elektronika öndürijilerini önümleriň belliklerinde olaryň çaklanan hyzmat möhletini we bejerimäge degişlidigini görkezmäge borçly etmegi teklip etdi. Bu başlangyç satyn......

14.06.2026 14:04
3.8k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....