Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

  • 19.05.2026 14:50
  • 6k+

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi.

Ýaryş Halkara jiu-jitsu federasiýasynyň (JJIF) howandarlygynda guralyp, oňa 16 ýurtdan 245 türgen gatnaşdy.

Ýaryşyň netijelerine görä, türkmen türgenleri 14 altyn, 11 kümüş we 17 bürünç medal gazandy. Medallaryň sany boýunça ikinji orny 14 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç bilen Wýetnamyň ýygyndysy eýeledi. Üçünji ýere bolsa 10 altyn, 13 kümüş we 16 bürünç medal gazanan Gazagystanyň topary mynasyp boldy.

Türkmenistandan bolan birnäçe türgen birwagtda birnäçe ugurlarda we dürli ýaş kategoriýalarynda çykyş etdi.

JJIF-iň howandarlygyndaky jiu-jitsu boýunça dünýä çempionaty 1994-nji ýyldan bäri her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. «Kontakt jiu-jitsu» ugry bolsa ýaryşlaryň maksatnamasyna 2017-nji ýylda girizildi.


22.06.2026 17:52
5.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......