Gazagystanyň günbataryndaky obada 30 metrlik Eýfel diňi gurlar

  • 19.05.2026 07:19
  • 7.9k+

Günbatar Gazagystan welaýatynyň Žalpaktal obasynda Eýfel diňiniň 30 metrlik göçürme nusgasy gurlar. Bu taslamany öňe sürenler ýerli mekdebiň uçurymlary boldy, olar okuwy tamamlamagynyň ýubileý senesine bagyşlap, ony oba sowgat etmegi ýüregine düwdi.

«KTK» telekanalynyň habar bermegine görä, obada eýýäm on ýyldan gowrak wagtdan bäri bir däp dowam edip gelýär: mekdebi tamamlamagynyň ýubileý senesini belleýän uçurymlar 25-nji maý mynasybetli oba üçin jemgyýetçilik taslamasyny durmuşa geçirýär. Häzire çenli Žalpaktalda seýilgähler, çagalar meýdançalary, heýkeller we suw çüwdürimi peýda boldy.

Bu gezek bolsa uçurymlar Eýfel diňiniň göçürme nusgasyny gurmagy makul bildi. Telekanalyň maglumatlaryna görä, desganyň beýikligi 30 metre barabar bolar.

Bu taslama sosial torlarda işjeň gürrüňlere sebäp boldy.

«Pikirler, elbetde, dürli-dürli boldy. Sosial torlaryň käbir ulanyjylary welaýat merkezinden 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän çetki obanyň has peýdaly taslamalara mätäçdigini aýdýar. Mysal üçin, ýollaryň abatlanmagyna. Beýlekiler bolsa, eger bu diň bolmasa, oba barada bütin Gazagystanda gürlenmeginiň gaty gümanadygyny belleýär» – diýip, telekanal nygtady.


06.06.2026 10:03
15k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 14:35
6k+

Gazagystan sebitde ilkinji bolup, emeli ýagyn tehnologiýasyny ulandy

Gazagystanyň Türküstan şäherinde emeli usul bilen ýagyn mukdaryny köpeltmek taslamasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde Gazagystan sebitde emeli ýagyn tehnologiýasyny iş ýüzünde ulanyp başlan ilkinji ýurt......

23.05.2026 19:54
2.8k+

Minsk we Karaganda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty bolar

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öňümizdäki iki ýyl üçin Arkalaşygyň Ýaşlar paýtagtlaryny kesgitledi. Bu dereje 2027-nji ýylda Minsk şäherine (Belarusuň paýtagty), 2028-nji ýylda bolsa Karaganda şäherine......