В Казахстане запустили проект по искусственному увеличению осадков

  • 27.05.2026 14:35
  • 6k+

Gazagystanyň Türküstan şäherinde emeli usul bilen ýagyn mukdaryny köpeltmek taslamasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde Gazagystan sebitde emeli ýagyn tehnologiýasyny iş ýüzünde ulanyp başlan ilkinji ýurt boldy.

Taslama 17-nji maýda doly güýjünde herkete başlady. Onuň esasy maksady, suw ammarlaryny doldurmak we ýurduň gündogaryndaky oba hojalyk ýerlerini suw bilen üpjün etmekdir.

Bu tehnologiýa Türküstan welaýatynyň suwa has köp mätäçlik çekýän sebitlerinde ulanylar. Gürrüň 911 müň gektardan gowrak oba hojalyk meýdany barada gidýär. Taslama Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Milli meteorologiýa merkezi bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.

Açylyş dabarasyna Gazagystanyň wise-premýeri, emeli aň we sanly ösüş ministri Žaslan Madiýew, BAE-niň wekilleri we sebitiň häkimi Nuralhan Kuşerow gatnaşdy. Ýolbaşçylar bu ädimiň howanyň gurakçylygyna garşy täze we durnukly ulgam döretjekdigini bellediler.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, bu tehnologiýa ýagyn mukdaryny 10%-den 20%-e çenli köpelder. Şeýle usullar eýýäm Hytaýda, ABŞ-nda, BAE-de, Fransiýada we Saud Arabystanynda üstünlikli ulanylýar. Şeýle-de taslama gurakçylygyň zyýanyny azaldar we oba hojalygyna ýylda takmynan 35 milliard teňňe (78 million dollar töweregi) ykdysady peýda getirer.

Gysgaça aýdanyňda, Gazagystan indi gurakçylygyň garşysyna ylmyň güýji bilen «bulutlary dolandyryp», emeli ýagyn arkaly göreşer.


вчера 10:46
2.9k+

Музыкант из Казахстана установил рекорд, исполнив 102 песни за 5 часов

Преподаватель Shakarim University Кайрат Кабышев установил мировой рекорд, исполнив 102 казахские народные песни за 5 часов 29 минут. Достижение официально зарегистрировано Мировой книгой рекордов Азии и......

13.06.2026 08:06
2.2k+

Франция создаёт огромный тропический заповедник. Почему это важно?

Французские власти объявили о расширении двух существующих и создании семи новых биологических резерватов. В общей сложности под дополнительную охрану переходит 157 000 гектаров лесных массивов....

11.06.2026 14:01
8.3k+

Ученые Туркменистана и Китая совершили экспедицию в Каракумы

Ученые Туркменистана и Китая провели совместную научно-исследовательскую экспедицию в пустыне Каракумы....

11.06.2026 12:12
8.3k+

ООН бьет тревогу: нейросети пожирают всю воду и энергию

Институт воды, окружающей среды и здоровья Университета ООН (UNU-INWEH) опубликовал отчет, в котором подробно описывается экологический след от развития индустрии искусственного интеллекта и облачных......