Minsk we Karaganda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty bolar

  • 23.05.2026 19:54
  • 2.8k+

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öňümizdäki iki ýyl üçin Arkalaşygyň Ýaşlar paýtagtlaryny kesgitledi. Bu dereje 2027-nji ýylda Minsk şäherine (Belarusuň paýtagty), 2028-nji ýylda bolsa Karaganda şäherine (Gazagystan) berler.

​Bu çözgüt 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.

​Saýlanyp alnan şäherleriň ýaşlar bilen işleşmekde baý tejribesi bar. Bu şäherlerde ýaşlaryň durmuşy we ösüşi üçin zerur bolan infrastruktura işjeň ösdürilýär, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy goldanylýar we medeni durmuş durnukly dowam edýär.

​GDA-nyň Ýaşlar paýtagty derejesini alan şäherler Ýaşlar işleri boýunça geňeşiň mejlislerini we Arkalaşyga agza döwletleriň Ýaşlar guramalarynyň forumyny kabul edýärler.


06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 14:35
6k+

Gazagystan sebitde ilkinji bolup, emeli ýagyn tehnologiýasyny ulandy

Gazagystanyň Türküstan şäherinde emeli usul bilen ýagyn mukdaryny köpeltmek taslamasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde Gazagystan sebitde emeli ýagyn tehnologiýasyny iş ýüzünde ulanyp başlan ilkinji ýurt......

21.05.2026 23:06
929

Astanada Benksiniň asyl nusgadaky eserleriniň sergisi açyldy

Gazagystanyň paýtagty Astanadaky «Lumiere Hall» multimediýa meýdançasynda dünýä belli britan köçe suratkeşi Benksä bagyşlanan «Benksi: genimi ýa-da ýumrujy?» atly sergi açyldy....