Astanada Benksiniň asyl nusgadaky eserleriniň sergisi açyldy

  • 21.05.2026 23:06
  • 925

Gazagystanyň paýtagty Astanadaky «Lumiere Hall» multimediýa meýdançasynda dünýä belli britan köçe suratkeşi Benksä bagyşlanan «Benksi: genimi ýa-da ýumrujy?» atly sergi açyldy.

Şahsyýeti 25 ýyldan gowrak wagtlap näbelli bolup galmagyny dowam edýän bu syrly suratkeşiň sergisine ägirt uly şekilli taslamalar bilen birlikde awtoryň öz goly bilen grafiti çeken iki sany asyl nusgadaky ýol belgisi hem goýuldy.

Tomaşaçylara Benksiniň iň irki we meşhur işleri, şeýle-de onuň «Dismalend» taslamasy üçin ýörite taýýarlan galp pullarynyň nusgalary görkezilýär. Eserlerde global kapitalizm, uruşlar we habar serişdeleriniň jemgyýetdäki orny ýaly möhüm meseleler gozgalypdyr.

Sergide suratkeşiň iň köp ulanýan keşplerine aýratyn üns berlipdir. Meselem, köçe sungatynyň nyşany hasaplanýan alakalaryň şekilleri we syýasat hem-de jemgyýet baradaky işlerinde adamlaryň ornuna maýmynlaryň ulanylan suratlary bar.

Bu sergi adaty muzeýler ýaly däl-de, uly ekranlaryň we proýektorlaryň kömegi bilen 40 minutlyk multimediýa şüweleňi görnüşinde taýýarlany;ypdyr. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu taslama adaty, nusgawy muzeýlere seýrek barýan ýaşlary we adamlary özüne çekmek üçin niýetlenendir.

Gazagystanda öňräkden bäri geçirilýän şeýle äheňdäki multimediýa taslamalary adamlaryň muzeýlere bolan gyzyklanmasyny ep-esli artdydy.

Sergi Astanadaky görkezilişini tamamlandan soň, Niderlandlaryň Amsterdam şäherine ugradylar.


06.06.2026 10:03
16k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....