Google öz hyzmatlarynyň nyşanlaryny täzelemäge başlady

  • 19.05.2026 20:29
  • 1.5k+

Google kompaniýasy öz hyzmatlarynyň nyşanlarynyň giň gerimli täzelenmesine başlady. Täze dizaýn goşundylary aňsat kabul etmäge we olary çalt tapawutlandyrmaga kömek eder.

Täzelenmeleriň ýaýradylmagy işläp düzüjileriň Google I/O ýyllyk maslahatyndan bir gün öň başlandy. «Engadget» neşiriniň maglumatlaryna görä, täze nyşanlar eýýäm Gmail-iň web görnüşiniň programmalar arasyndaky geçiş menýusynda, şeýle hem Apple enjamlary üçin niýetlenen käbir ykjam goşundylarda peýda boldy. Şol bir wagtda täzelenme häzirlikçe ähli ulanyjylara elýeterli däl — hyzmatlaryň bir bölegi entek köne dizaýnda görkezilmegini dowam edýär.

Bäş ýyl ozal Google öz programmalarynyň dizaýnyny bir görnüşli edip, özboluşly logotipleri kompaniýanyň şol bir dört reňkinde bezelen kontur şekilleri bilen çalşypdy. Şonda bu üýtgeşmeler ulanyjylaryň tankydyna sezewar boldy, olar programmalary biri-birinden tapawutlandyrmagyň kynlaşandygyny belläpdi.

Çemeleşmäni üýtgetmek boýunça ilkinji ädimleriň biri Google Maps nyşanynyň täzelenmegi boldy, ol has göwrümli görnüşe eýe boldy. Täze nyşanlar hem bu ugry dowam etdirýär we kompaniýanyň Android 17-niň tanyşdyrylyşynyň çäginde görkezen täze 3D-emojileriniň stiline kaklyşýar.

Google-yň bu wizual täzelenme barada giňişleýin maglumatlary I/O maslahatynyň dowamynda aýan etmegine garaşylýar.


28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......