Çagalar bagynyň terbiýeçisi 200 pingwine hossar çykdy

  • 18.05.2026 21:31
  • 6k+

Çagalar bagynyň öňki terbiýeçisi Sesiliýa Duran Gafo patyşalyk pingwinleriniň dünýäde materikde ýerleşýän ýeke-täk koloniýasynyň hossaryna öwrüldi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär.

Patyşalyk pingwinleri, adatça, Günorta ummanyň adalarynda ýaşaýar, ýöne olar Çiliniň Otly Ýer adasynyň günortasyndaky Ýuseless-Beý aýlagynda ýerleşýän Duran Gafonyň hususy ýerinde höwürtgeläp başlady. Bu aýlagyň ýalpaklygy guşlary deňiz ýyrtyjylaryndan we balyk tutýan gämilerden goraýar.

Duran Gafo bu guşlary ilkinji gezek 1990-njy ýyllaryň başynda gördi, ýöne şol wagt özlerini alym diýip tanyşdyran adamlar guşlary «gözlegler üçin» diýen bahana bilen äkidip, Ýaponiýanyň haýwanat baglaryna we hususy şahslara berýärdi. Şondan soň guşlar on ýyldan gowrak wagtlap bu aýlaga dolanmady we 2010-njy ýylda gaýtadan peýda bolanlarynda, adamlar olaryň ýumurtgalaryny ogurlap, selfi düşmek üçin guşlary biynjalyk edip başlady. Netijede, bir ýylda 90 pingwinden diňe sekizisi galdy.

Guşlaryň sanynyň çalt azalmagy sebäpli Duran Gafo olary goramak kararyna geldi. Ol her gün kenara gelip, pingwinlere gözegçilik etdi, soňra öz fermasynyň 30 gektar meýdanyny germäp, goralýan zolaga öwürdi. Syýahatçylardan başga-da, guşlara bu ada birwagtlar getirilen norkalar we çal tilkiler uly howp salýardy. Duran Gafonyň topary goraghanadan uzak ýerlere et böleklerini oklap, ýyrtyjylaryň ünsüni sowýardy we gorag üçin itleri ulanýardy.

Häzir bolsa bu ýer biologlaryň, weterinarlaryň we ekosyýahatçylyk hünärmenleriniň zähmet çekýän doly derejeli tebigaty goraýyş taslamasyna öwrüldi. Ýylda 15 müňden gowrak syýahatçynyň gelýän bu goraghanasynda pingwinleriň sany eýýäm 200-e ýetdi. Geçen ýyl 23 sany jüýjäniň aman galyp, özbaşdak ýaşaýşa gadam basmagy bolsa taslamanyň rekord görkezijisi we gazanylan uly üstünligiň baş nyşany boldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......