Türkmenistanyň küştçüleri 14-17-nji maý aralygynda Astana şäherinde geçirilen türki döwletleriň halkara ýaryşlarynda dört sany medal gazanmagy başardy.
Gazagystanyň paýtagtynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda türki döwletleriň ilkinji toparlaýyn çempionaty hem-de 16 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda küşt Olimpiadasy geçirildi. Aýlawly ulgam boýunça geçirilen bäsleşiklerde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ýygyndy toparlary bäsleşdi.
Erkekleriň ýaryşy 13 sany grossmeýsteri we 18 sany halkara derejeli ussady bir ýere jemledi. Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňdebaryjylary grossmeýsterler Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdiýew boldy. Ýaryşyň netijelerine görä, Atabaýew birinji tagtada üçünji orny eýeledi.
Zenanlaryň ýaryşynda Azerbaýjanyň topary ýeňiş gazandy, ikinji orny Gazagystanyň ýygyndysy, üçünji orny bolsa Özbegistan eýeledi. Türkmenistanyň topary alty utuk toplap, bäşinji boldy. Läle Şöhradowa birinji tagtada üçünji orny, Jahan Rejepowa bolsa üçünji tagtada ikinji orny eýeledi.
Ýetginjekleriň ýaryşynda baýrakly orunlara Azerbaýjanyň ýygyndysy we Gazagystanyň iki topary mynasyp boldy. Türkmen küştçüsi Dilber Hupbyýewa dördünji tagtada üçünji orny eýeledi.
Ýaryşlaryň umumy baýrak gaznasy 27 million teňňä barabar boldy, bu bolsa, takmynan, 54 müň ABŞ dollaryna deňdir.
Bu ýaryşlary FIDE, Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrligi, Gazagystanyň Küşt federasiýasy (Kazchess), Gazak milli sport uniwersiteti we Astana şäheriniň häkimligi gurady. Baş hyzmatdaş hökmünde Freedom Holding Corp. kompaniýasy çykyş etdi.